«Çarwalaryň ýurdy» filmi BAFTA kino baýragyna mynasyp boldy

  • 17.04.2021 05:35
  • 4.6k+

Londonda BAFTA britan kino baýraklarynyň 74-nji gowşurylyş dabarasy geçirildi. Dabara garaşylyşy ýaly, ýarym wirtual görnüşde geçirildi diýip, cursorinfo.co.il habar berdi.

Baýrak gowşurylyş dabarasynda Hloýa Çžaonyň režissýorlyk eden «Çarwalaryň ýurdy» filmi köp ugurlar boýunça ýeňiji bolmagy başardy. Bu film şu ýyl eýýäm ençeme gezek tankytçylaryň ýokary bahalaryna mynasyp boldy. Şeýlelikde, «Çarwalaryň ýurdy» filmi mundan ozal Halkara Wenesiýa film festiwalynyň, Bostonyň Kino tankytçylary jemgyýetiniň baýraklaryna mynasyp bolupdy, şeýle hem «Altyn globusda» we ýene birnäçe bäsleşiklerde ýeňiji bolupdy. Hut şu film 2020-nji ýylyň iň gowy filmi ugry boýunça Oskar baýragyna mynasyp bolar diýlip garaşylýar.
BAFTA barada aýdylanda bolsa, Entoni Hopkins ("Ata", "The Father") Çadwik Bouzmandan ("Ma Reýni: Blýuzyň enesi", "Ma Rainey: The Blues's Mother") öňe geçip, iň gowy aktýor baýragyny aldy. «Çarwalaryň ýurdy» filmindäki roly üçin Frensis Makdormand iň gowy aktrisa diýlip atlandyryldy.

şu gün 14:49
46

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

şu gün 14:28
118

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

şu gün 00:57
3.6k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
1.4k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......