"Oskar 2021" baýragynyň gowşurylyşyny Bred Pit bilen Zendaýa alyp barar

  • 15.04.2021 15:57
  • 6k+

“Oskar 2021” baýragynyň gowşurylyş dabarasyny golliwud aktýory Bred Pitt bilen aktrisa Zendaýa alyp barar. Bu barada guramaçylar Instagram sahypasynda habar berdiler diýip, kino.mail.ru belleýär.

Baýragyň gowşurylyş dabarasyna Holli Berri, Hoakin Feniks, Lora Dern, Rene Zellweger, Riz Uizerspun, Harrison Ford hem gatnaşar. Olar laureatlara altyn heýkelleri gowşurarlar.
93-nji “Oskar” laureatlaryny sylaglamak dabarasy 26-njy aprele geçilýän gije geçer. Çärä gatnaşyjylar PZR barlagynyň kömegi bilen COVID-19 üçin barlagdan geçiriler.
“Oskar” dabarasy iki aý mundan öň geçirilmelidi, ýöne koronawirus pandemiýasy sebäpli ol yza süýşürildi. COVID-19-a garamazdan, dabara öňküsi ýaly adaty ýagdaýda geçiriler. Şeýle-de bolsa, käbir çäklendirmeler bolar: dabara diňe alypbaryjylar, nominantlar we olaryň myhmanlary gatnaşar. Olar Los-Anjelesiň Union Station demir ýol menziliniň howlusyna ýygnanarlar. Dabaranyň ýene bir bölegi “Dolbi” teatrynda geçer.

şu gün 14:49
46

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

şu gün 14:28
118

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

şu gün 00:57
3.6k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
1.4k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......