Microsoft Nuance kompaniýasyny satyn almagy meýilleşdirýär

  • 15.04.2021 16:13
  • 5.5k+

Microsoft kompaniýasy Nuance Communications kompaniýasyny satyn almakçy bolýar. Bu kompaniýa programma üpjünçiligini we emeli intellekti işläp düzmek bilen meşgullanýar. Şertnamanyň bahasy 16 milliard dollar bolup biler. Bu barada “Financial Times” (FT) neşirine salgylanyp, sm.news habar berýär.

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, Nuance Communications şu hepde satyn alnyp bilner. Ylalaşygyň şertleri üýtgäp biler. Kompaniýanyň wekilleri geňeşmeler baradaky maglumatlary heniz tassyklamadylar.
FT neşiri Nuance Communications üçin Microsoft bilen ylalaşygyň bähbitli bolup biljekdigini ýazýar. Bu kompaniýanyň birnäçe ýyl bäri ýitgi çekýändigi bilen bagly. Şertnama Microsoft üçin hem amatly bolar. Sebäbi IT-ägirdi saglygy goraýyş, maliýe hyzmatlary we telekommunikasiýa pudagynda müşderi bazasyny giňeldip biler. 
Eger şertnama baglaşylsa, Microsoft taryhda ululygy boýunça ikinji orna geçer. 
Nuance Communications sözleýşi anyklamak üçin emeli intellekti döretmek bilen meşgullanan ilkinji kompaniýalaryň biri hökmünde tanalýar. Olar soňrak Apple tarapyndan satyn alnan Siri wirtual kömekçisini döretdiler. Nuance Communications-yň baş edarasy Massaçusets ştatynyň Boston şäheriniň eteginde ýerleşýär.

düýn 11:29
3.2k+

Specialized 12 müň dollarlyk dag elektrik welosipedini çykardy

Specialized kompaniýasy bahasy 12 müň dollar bolan «Levo 4 X» atly täze dag elektrik welosipedini tanyşdyrdy....

düýn 11:16
653

Pirelli 2028-nji ýyla çenli «Formula-1» üçin tekerleriň ýeke-täk üpjünçisi bolup galar

«Formula-1» we Halkara awtomobil federasiýasy (FIA) Italiýanyň Pirelli kompaniýasy bilen baglaşylan ylalaşygyň möhletini 2028-nji ýyla çenli uzaltdy. Öndüriji çempionat, şeýle-de «Formula-2», «Formula-3» we......

düýn 09:59
836

Samsung kompaniýasy Snapdragon X2 Elite prosessorly Galaxy Book 6 Edge noutbugyny çykardy

Samsung kompaniýasy täze Galaxy Book 6 Edge noutbugyny hödürledi. Bu model Qualcomm kompaniýasynyň Snapdragon X2 Elite prosessory bilen enjamlaşdyrylan Galaxy Book 6 hatarynyň ilkinji önümidir. Emeli aň......

15.06.2026 19:06
1.1k+

LEGO 1 552 bölekden ybarat «Habbl» kosmos teleskopunyň toplumyny çykarýar

Internetde LEGO Icons 10382 Hubble Space Telescope toplumy barada maglumatlar peýda boldy. Bu gurnama 1990-njy ýyldan bäri orbitada işleýän we astronomiýa taryhyndaky iň meşhur ylmy gurallaryň birine öwrülen......