BMW X8 synagdan geçirilýär

  • 14.04.2021 15:33
  • 35k+

Germaniýanyň BMW kompaniýasy häzirki wagtda X8 krossowerini synagdan geçirýär. Bu barada vevby.ru habar berýär.

Deslapky maglumatlara görä, ady agzalan awtoulagyň öň tarapynda, esasan, aýratyn faralar bilen bagly üýtgeşmeler bolar. Synag astyndaky prototipiň yzky böleginde wagtlaýyn yşyklary görmek bolýar.
Ýol synagyndan geçen ulagyň kuzowyndaky ýörite nakleýkalar onuň gibrid ulagdygyny görkezýär. Awtoulag göwrümi 4,4 litr, kuwwatlylygy 760 at güýji bolan 8 silindrli benzin hereketlendirijisine esaslanýan gibrid enjamyna eýe bolar diýip çaklamak bolar.
Deslapky maglumatlara görä, ulag şu ýylyň ahyryna çenli tanyşdyrylar. Awtoulagyň bahasy barada bolsa entek maglumatlar ýok.

şu gün 15:11
240

Toyota TR LH2 suwuk wodorodly prototipi Le-Manyň ýaryş ýoluna çykar

"Toyota Gazoo Racing" kompaniýasy 2026-njy ýyldaky «Le-Manyň 24 sagady» ýaryşynda täze wodorodly "TR LH2 Racing Prototype" ýaryş prototipini görkezer. Awtoulag ilkinji gezek köpçüligiň öňünde ýaryş ýoluna......

düýn 16:02
1.4k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 19:58
1.4k+

Maserati meşhur üç dişli nyşanynyň ýüz ýyllygyny "GT2 Stradale" ýörite wersiýasy bilen belledi

Maserati kompaniýasy soňlugy bilen brendiň logotipine öwrülen meşhur üç dişli nyşanynyň ilkinji gezek ulanylan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlanan "GT2 Stradale" superkarynyň ýörite wersiýasyny tanyşdyrdy.......

07.06.2026 19:49
2.7k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......