Howanyň üýtgemegi kölleri adam saglygy üçin howply etdi

  • 14.04.2021 15:21
  • 15k+

"Science Alert" neşiri amerikan alymlarynyň gök-ýaşyl suwotulary öwrenmäge gönükdirilen ylmy barlaglarynyň netijeleri barada material çap etdi. Oňa laýyklykda, alymlar howanyň üýtgemegi kölleri ölüm howply derejä ýetirdi diýen netijä geldiler. Bu barada ferra.ru habar berdi.

Howanyň üýtgemegi we oba hojalyk galyndylarynyň suw howdanlaryna akdyrylmagy netijesinde dörän gök-ýaşyl suwotularyň işjeň güllemeginiň ölüm howply toksinleriň atmosfera düşmegine sebäp bolýandygy ýüze çykardy. Suwotular adam saglygyna howp salýan anatoksin bölüp çykarýar. Olar, hususan-da, demiň gysmagyna, myşsalaryň spazmyna, damaryň çekmegine sebäp bolýar we dem alşyň togtamagy görnüşinde ölüm howpludyr. Sianobakteriýalar ýyly we ýokumly suwda işjeň köpelýärler.
Barlagyň çäginde alymlar käbir ýagdaýlarda anatoksin howa-da aralaşyp bilýär diýen netijä geldiler. Beýle netijä 2019-njy ýylda Massaçusets ştatynyň Kapaum howzunyň gyrasynda hünärmenler onuň ýokary konsentrasiýasyny - bir millilitr üçin 21 nanogramy ýazga alandan soň gelindi. Alymlar sianotoksinlerden dem almagyň saglyga zyýanlydygyny duýdurdylar.

şu gün 00:14
447

Beýik Britaniýada gämiler üçin suwda ýüzýän wodorod elektrik stansiýasy synagdan geçirildi

Britaniýanyň deňiz konsorsiumy kenarýaka infrastruktura birikdirilmezden, portda duran ýerinde gämileri elektrik energiýasy bilen üpjün etmek üçin niýetlenen, suwda ýüzýän elektrik stansiýasynyň täze nesli......

düýn 23:06
995

Fransiýada ganaty ýel berlip çişirilen uçarmansyz uçar synagdan geçirildi

Fransiýanyň Celeste Ecoflyers kompaniýasy adaty gaty materialyň deregine çişirilen dokma ganat ulanylan dAS10 ýük ucarmansyz uçarynyň ilkinji uçuş synaglaryny geçirdi....

düýn 20:46
1.9k+

Italiýa elektrik togunyň ölçeg birliginiň adyny üýtgetmegi teklip edýär

Italiýanyň Hökümeti elektrik naprýaženiýesiniň halkara ölçeg birliginiň adyny «woltdan» «wolta» diýip üýtgetmek başlangyjy bilen çykyş etdi....

düýn 12:47
4.2k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......