2021-nji ýylda dünýäde iň köp satylýan awtoulaglaryň sanawy. Toyota Corolla birinji

  • 12.04.2021 14:02
  • 16k+

Focus2Move analitik agentliginiň habar bermegine görä, ýanwar-fewral aýlarynyň netijeleri boýunça alyjylaryň arasynda lider bolan awtoulaglaryň reýtingi düzüldi. Ýagny, reýtingiň birinji ornuny ýapon modeli Toyota Corolla eýeledi. Ony 174 müň adam satyn aldy. Geçen ýyl bilen deňeşdirilende, görkeziji 0,1% ýokarlandy diýip, procrossover.ru belleýär.

Ikinji orny 159 müň sanysy satylan Toyota RAV4 eýeledi. Görkeziji 0,4% pese gaçdy.
Liderleriň üçlügini Ford F-Series jemleýär. Bu modeli awtosöýüjileriň 146 müňüsi saýlady. Bir ýyl mundan öň bu awtomobiliň satuwy 24% ýokarydy.
Ilkinji iki aýda 123 müň sanysy (+18,2%) satylan Honda CR-V krossoweri reýtingiň dördünji ornuny eýeleýär. Bäşinji orun Toyota kompaniýasyndan ýene bir modele – Camry sedanyna degişli boldy. Bu awtomobiliň satuw derejesi 2020-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlary bilen deňeşdirilende, 11,3% ýokarlanyp, 93,76 müň nusga ýetdi.
Dünýäde iň köp satylýan awtomobilleriň onlugyna şular hem girdi: Toyota Hilux (88 288 sany, +4,8%) we Chevrolet Silverado pikaplary (86 279 sany, -25,6%), Nissan Sylphy (82 592 sany, +91,7%) sedany, Honda Civic (81 442 sany, -14,3%) we Haval H6 (79 370 sany, +142,2%).

şu gün 15:11
1.6k+

Toyota TR LH2 suwuk wodorodly prototipi Le-Manyň ýaryş ýoluna çykar

"Toyota Gazoo Racing" kompaniýasy 2026-njy ýyldaky «Le-Manyň 24 sagady» ýaryşynda täze wodorodly "TR LH2 Racing Prototype" ýaryş prototipini görkezer. Awtoulag ilkinji gezek köpçüligiň öňünde ýaryş ýoluna......

düýn 16:02
1.5k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 19:58
1.5k+

Maserati meşhur üç dişli nyşanynyň ýüz ýyllygyny "GT2 Stradale" ýörite wersiýasy bilen belledi

Maserati kompaniýasy soňlugy bilen brendiň logotipine öwrülen meşhur üç dişli nyşanynyň ilkinji gezek ulanylan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlanan "GT2 Stradale" superkarynyň ýörite wersiýasyny tanyşdyrdy.......

07.06.2026 19:49
2.8k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......