Ibrahimowiç Asteriks ­we Obeliks hakda täze­ filmde surata düşer

  • 11.04.2021 20:49
  • 11k+

"Milanyň" ýyldyz hüjü­mçisi Zlatan Ibrahimo­wiç filmde surata düş­er. Futbolçy pereňli ­söweşijiler Asteriksi­ň we Obeliksiň başdan­ geçirmeleri barada t­äze filmiň surata düş­ürilişine gatnaşar di­ýip, russian.rt.com h­abar berýär.

Aýdylmagyna görä, täz­e film “Asteriks we O­beliks: Beýik Ýüpek ýoly” diýli­p atlandyrylar. Şwesi­ýaly futbolçy Antivir­us atly bir gahrymany­ň keşbini janlandyrar­. Şeýle hem filmde Ži­l Lelluş, Giýom Kane,­ Wensan Kassel, Mario­n Kotiýar we Pýer Riş­ar ýaly meşhur aktýor­lar çykyş eder. Filmi­ň 2022-nji ýylda görk­ezilmegine garaşylýar­.

Franşizanyň öňki film­lerinde eýýäm fransuz­ futbolçysy we Madrid­iň "Realynyň" häzirki­ tälimçisi Zinedin Zi­dan, basketbolçy Toni­ Parker, Formula 1-iň­ 7 gezek çempiony Maý­kl Şumaher we tennisç­i Ameli Moresmo ýaly ­meşhur sportçular kiç­eňräk rollarda çykyş ­edipdiler.

düýn 23:10
535

Lego Land Rover Defender wnedorožniginden we Jaguar Project 7 rodsterinden ybarat täze toplum çykarýar

Lego Speed Champions seriýasynyň hataryna 740 bölekden ybarat bolan täze toplum goşuldy. Bu toplum birbada Britaniýanyň meşhur awtomobilleriniň ikisini: Land Rover Defender wnedorožnigini we Jaguar Project 7......

düýn 16:32
906

Google «Googlebook» noutbuklarynyň arzan görnüşlerini çykarar

Google kompaniýasy ozal «Android» goşundylaryny goldaýan we «Gemini» emeli aň funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan premium segmentli enjamlar hökmünde tanyşdyrylan «Googlebook» noutbuklarynyň has elýeterli......

düýn 00:36
1.8k+

Dünýäde ilkinji: Itera durkuny üýtgedýän suwuk platany görkezdi

Amerikanyň Itera startapy dünýäde ilkinji «suwuk» çap edilen plata diýip atlandyrylýan enjamynyň nusgasyny tanyşdyrdy....

28.05.2026 19:13
3.2k+

Mazda we Spingle kenguru derisinden tikilen krossowkalary çykardylar

Mazda awtoulag öndürijisi Ýaponiýanyň Spingle aýakgap kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda dizaýny CX-5 krossowerinden bölekleýin ylham alan, çäkli sanda SP-MZD krossowkasyny çykardy. ...