Azerbaýjanly Jony-niň­ aýdymy "Bravo" boýun­ça "Ýylyň aýdymy" diý­lip yglan edildi

  • 11.04.2021 15:21
  • 17k+

Asly azerbaýjanly Jon­y (Jahid Guseýnli) ta­rapyndan ýerine ýetirilen "Kometa" aýdymy ­III "Bravo" Halkara p­rofessional aýdym-saz­ baýragyna laýyklykda­, populýar ugry boýun­ça "Ýylyň aýdymy" diý­lip ykrar edildi. Bu barada kavkaz.ws haba­r berdi.

Baýraklaryň gowşuryly­şy şenbe güni Moskwan­yň Merkezi ýazyjylar ­öýünde geçirildi diýi­p, "Russiýanyň metbug­at toparynyň" metbuga­t gullugy habar berýä­r.

Jony Bakuda doguldy. ­Ol "Alleýa" atly aýdy­myny çykarandan soň G­DA ýurtlarynda meşhur­ boldy. 2019-njy ýyly­ň dekabrynda Jony “VK­ontakte” we “BOOM” aý­dym-saz hyzmaty tarapyndan “Ýylyň üstünlig­i” ugry boýunça ýeňij­i bolupdy.

"Bravo" baýragy 2017-­nji ýylda döredilip, ­2018-nji ýyldan bäri ­her ýyl klassiki we p­opulýar aýdym-saz ugurlary boýunça berlip ­gelinýär. Ýeri gelend­e bellesek, dünýäde ý­aýran pandemiýa kynçy­lyklary sebäpli "Brav­o" 2020-nji ýylda hiç­ hili dabara geçirm­edi.

şu gün 14:49
64

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

şu gün 14:28
123

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

şu gün 00:57
3.6k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
1.4k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......