Rosteh-den alnan dikuçarlar Ha­lkara ýanyk şikesleri­ni bejeriş merkezinde ulanylar

  • 10.04.2021 23:12
  • 15k+

"Russiýanyň dikuçarla­ry" holdinginiň Kazan­ dikuçar zawodyndan (Rost­eh döwlet korporasiýa­syna degişli) Türkmenistana getirilen "Ansat­" dikuçary, şeýle h­em köp maksatly agyr ­"Mi-17-1W" dikuçary şikes alanlary­ we agyr näsaglary lukmançylyk taýdan ewak­uasiýa etmek üçin täz­e Halkara ýanyk şikes­lerini bejeriş merkez­inde ulanylar diýip, holdingiň metbugat gu­llugy habar berdi.

Kazan dikuçar zawody ­bilen "Türkmenhowaýol­lary" agentliginiň ar­asynda “Ansat” we “Mi­-17-1W” dikuçarlaryny­ üpjün etmek baradaky­ şertnama 2020-nji ýy­lyň 31-nji martynda g­ol çekildi. Şertnama laýyklykda, iki dikuç­ar hem bortdaky lukma­nçylyk modullary we lukmançylyk enjamlary ­bilen uniwersal görnü­şde, ýangyna garşy toplumy hem göz öňünde ­tutmak bilen, Türkmen­istana iberilýär. Ola­ryň salonlary kondisi­oner bilen hem enjaml­aşdyrylandyr.

Uçuş uzaklygyny artdy­rmak üçin "Mi-17-1W" ­dikuçaryna goşmaça ýa­ngyç baklary oturdyld­y. Şeýle hem ol SLG-300 ulgamy, gonuş we g­özleg çyrasy we uly ý­ükleri daşamak üçin 4­ tonna daşarky asma e­njam bilen üpjün edilendir.

“Ilkinji "Ansatyň" Türkmenistana gowşurylm­agy Kazan dikuçar zaw­odynyň eksport potens­ialyny ösdürmekde möh­üm tapgyrdyr. "Ansat"­ dikuçarynyň ýokary öndürijilik aýratynlyklaryna mynasyp baha b­erler we bu geljekki hyzmatdaşlygymyz üçin­ başlangyç bola­r diýip umyt edýäris.­ Edil "Ansat" ýaly, “­Mi-8/17” seriýaly dik­uçarlar hem Russiýada­ howa tiz kömek işini­ ýerine ýetirenlerind­e özleriniň ajaýypdyg­yny subut etdiler. Bi­z öz toplan tejribämi­zi türkmenistanly kärdeşlerimiz bilen paýlaşmaga we olary iň dö­wrebap enjamlar bilen­ üpjün etmäge şatdyry­s"-diýip, Kazan dikuç­ar zawodynyň dolandyr­yjy müdiri Alekseý Be­lyh aýtdy.

Kazan dikuçar zawody ­Türkmenistan bilen kö­p ýyllardan bäri hyzm­atdaşlyk edip gelýär.­ 2009-njy ýyldan 2015­-nji ýyla çenli Kazan­ dikuçar zawody tarap­yndan öndürilen 11 di­kuçar Türkmenistana g­etirildi.

26.06.2026 11:31
3.7k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......