Bukmekerler "Ýewrowideniýäniň" ýeňijilerini çakladylar

  • 09.04.2021 20:03
  • 6.2k+

Ýewrowideniýe-2021” aýdym-saz bäsleşiginde Maltanyň, Şweýsariýanyň we Fransiýanyň aýdymçylarynyň ýeňiş gazanmak mümkinçilikleri ýokary. Muny britan bukmeker edaralarynyň maglumatlary delillendirýär diýip, RIA Nowosti habar berýär.

Bukmeker goýumlarynyň agregatory Oddschecker-iň hasaplamasyna görä, Maltanyň wekiliniň ýeňiş gazanmak ähtimallygy 18 göterime, Şweýsariýanyňky – 13 göterime, Fransiýanyňky – 11 göterime deň. Ilkinji bäşlige Bolgariýa bilen Italiýa hem girdi (hersi 7 göterim).
Bukmekerleriň çaklamasy boýunça, bäsleşikde Russiýanyň wekili bolan aýdymçy Maniža 14-nji orny eýeläp biler. Onuň ýeňiş gazanmaga mümkinçiligi iki göterim bilen bahalandyrylýar.
Koronawirus pandemiýasy sebäpli 2020-nji ýylda ýatyrylan Halkara “Ýewrowideniýe” aýdym-saz bäsleşigi 18-nji maýdan 22-nji maý aralygynda Rotterdamdaky Ahoy meýdançasynda geçiriler. Oňa 41 ýurtdan aýdymçylar gatnaşar. Bäsleşik oflaýn görnüşde geçer, ýöne wekiliýetleriň düzümi, şeýle-de žurnalistleriň sany azaldylar.

şu gün 14:49
633

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

şu gün 14:28
482

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

şu gün 00:57
4k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
1.5k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......