Suwuň aşagynda kislorodsyz saklanmak boýunça dünýä rekordy goýuldy

  • 08.04.2021 12:01
  • 16k+

Suwuň aşagynda demiňi saklamak boýunça Ginnesiň dünýä rekordy goýuldy. Rekordyň awtory horwatiýaly daýwer Budimir Buda Sobat boldy diýip, Sputnik agentligi habar berdi.

Türgen 24 minut 33 sekuntlap kislorodsyz saklanyp, özüniň geçen ýylky görkezijisinden has gowy netije görkezmegi başardy. Onuň ozalky rekordy 24 minut 11 sekuntdy.
Sobat uzak wagtlap suwuň aşagynda saklanmagy irginsiz türgenleşikleriň netijesinde başardy. Ondan öň Moskwanyň ýaşaýjysy Ýekaterina Nekrasowa Baýkal kölüniň buzunyň aşagynda demiňi saklap ýüzmek bilen dünýä rekordyny goýdy. Ol +0.02 ° C temperaturaly suwda demini saklap, bir ýarym minutda 85 metr aralyga ýüzmegi başardy.

şu gün 14:49
633

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

şu gün 14:28
482

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

şu gün 00:57
4k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
1.5k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......