Türkmenistanyň Prezidenti harby we hukuk goraýjy edaralarynyň atçylyk toparlarynyň taýýarlyk işleri bilen tanyşdy

  • 06.04.2021 17:59
  • 15k+

5-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda bolup, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň atçylyk toparlarynyň taýýarlyk işleri bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutany Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda ýurdumyzyň Goranmak ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň we Döwlet serhet gullugynyň atçylyk toparlarynyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe taýýarlyk işleri bilen tanyşdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda bolmagynyň çäklerinde ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşigine gatnaşjak bedewleri synlady. Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň atçylyk toparlary bedewleriň gözellik bäsleşiklerine gatnaşdyrylmagy üçin jemi dokuz bedewi taýýarladylar.
Şeýle hem döwlet Baştutany Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda ideg edilýän Hanbeg atly bedewe atlanyp, athanalaryň birine baryp, ideg edilýän bedewleriň ýagdaýy hem-de olara degişli esbaplaryň görnüşleri bilen tanyşdy.
Döwlet Baştutany bu ýerde 2020-nji ýylda doglan taýlaryň idedilişi, olary ösdürip ýetişdirmekde gadymy seýisleriň ulanan usullarynyň ýerine ýetirilişi bilen gyzyklandy.
Döwlet Baştutany toplumyň ýörite meýdançasyna baryp, Goranmak ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň we Döwlet serhet gullugynyň konkur bäsleşiklerine gatnaşdyrmak üçin taýýarlaýan bedewleriniň türgenleşiklerini synlady.
Türkmen Lideri harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň haýyşy boýunça, bu ýerde täze dünýä inen taýçanaga at dakyp berdi. Şöhratly Gelşikliniň ugruna degişli Genjim bilen Gülnahalyň neslinden bolan taýa Gurbanguly Berdimuhamedow Esger diýip at goýdy we onuň boýnuna käbesi Ogulabat ejäniň ören alajasyny dakdy.

şu gün 14:49
633

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

şu gün 14:28
482

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

şu gün 00:57
4k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
1.5k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......