Kaddyňy we ýöreýşiňi kadalaşdyrýan "akylly" eşik döredildi

  • 05.04.2021 23:46
  • 9.2k+

Massaçusets Tehnologiýa Institutynyň alymlary adamyň hereketlerini, şeýle hem göwresini tutuşyny we ýöreýşini dogry yzarlap bilýän «akylly» eşik döretdiler. Bu barada kaspiy.az habar berdi.

Alymlaryň täze materialy görnüşi taýdan hem adaty matalara meňzeýär. Şeýle-de bolsa, onda adamyň bedeniniň ýagdaýy we hereketleri barada maglumatlary ýygnap bilýän içerki datçikler bar. Şeýle matadan tikilen eşikler sport türgenleşigi ýa-da hassalaryň hal-ýagdaýyna gözegçilik etmek üçin peýdaly bolup biler.
Alymlar eýýäm täze materialdan birnäçe görkezme prototipini döretdiler. Olaryň biri aýak hereketlerini yzarlap bilýän joraplardyr. Şeýle hem adamyň haýsy materiallara galtaşýandygyny kesgitläp bilýän ýeňsiz gursakça hem bar.
Alymlaryň esasy pikiri — adam hakda maglumatlary ýygnajak, ony programma geçirjek eşik döretmek, programmanyň bolsa ulanyjylara özlerini alyp barşyny nädip üýtgetmelidigini aýdyp bilmegi bolup durýar. 

düýn 16:56
1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

düýn 12:41
1.1k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

düýn 11:09
1.3k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

12.06.2026 06:42
5.5k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....