Dünýäniň iň uzyn adamsy sosial ulgamlarda meşhurlyk gazanýar

  • 05.04.2021 08:55
  • 47k+

Dünýäniň iň uzyn adamy hökmünde tanalýan Türkiýeden Sultan Kýosen adaty ululykdaky zatlaryň öz ýanynda örän kiçidigini, hatda ownukdygyny görkezýän wideolary düşürýär. Bu barada news.mail.ru habar berýär.

Boýy 251 sm bolan bu adam kontrasty (tapawut) görkezýän blogy işe girizdi. Hatda adaty oturgyçda adaty stoluň başynda oturmak hem Sultan üçin aýratyn başdan geçirme bolup durýar. Gazlandyrylan içgi bankasy Kýosene çaga paýy, zenanyň eliniň aýasy bolsa çaganyň eliniň aýasy ýaly görünýär. Dünýädäki iň kiçi adam bilen deňeşdirilende, Sultan äpet adam bolup görünýär.
Kýoseniň äpet boýy gipofiz çişi bilen baglanyşyklydyr. Onuň ene-atasy orta boýly adamlar. Sultan 2009-njy ýylda 247 sm boýy bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Şondan soň ol ýene 4 sm ösdi. Häzir Sultan 38 ýaşynda, ol öýlenen we ene-atasy bilen fermada işleýär.

şu gün 14:49
633

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

şu gün 14:28
482

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

şu gün 00:57
4k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
1.5k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......