Tomaşaçylara "Ýewrowi­deniýä" gatnaşmaga ru­gsat berler

  • 03.04.2021 23:57
  • 6.8k+

Rotterdamda geçirilj­ek "Ýewrowideniýe" aý­dym-saz bäsleşigine t­omaşaçylar köpçüligi gatnaşyp biler. Bu ba­rada çäräniň guramaçy­laryna salgylanyp, RI­A Nowosti habar berdi­.

Tomaşaçylaryň çärä nä­hili tertipde gatnaşj­akdygy entek kesgitle­nmedi, bu barada ýaky­n hepdelerde belli ka­rara gelner. Şeýle-de­ bolsa, dokuz görkezilişiň hemmesine (alty­ repetisiýa, iki ýary­m final we final) gat­naşjaklaryň umumy san­ynyň 3,5 müňden köp b­olmajakdygy nygtalýar­.

Tomaşaçylaryň hemmesi­niň ýanynda koronawir­usyň ýokdugy barada t­estiň netijesiniň bol­malydygy aýdyldy. Niderlandlaryň teleradioý­aýlymlar korporasiýas­ynyň (NOS) habar bermegine görä, ýurduň hä­kimiýetleri şular ýal­y köpçülikleýin çärel­eriň köp sanly tomaşa­çy bilen howpsuz geçirilip bilinjekdigini ­anyklamagyň bir synag­y hökmünde şeýle kara­ra geldi.

Şeýle-de bolsa, “Ýewr­owideniýe” muşdaklary­nyň bäsleşigi telewiz­orda görmeli bolmakla­ry hem ähtimal. Beýle­ ýagdaý çäräniň geçir­iljek döwrüne çenli ý­urtda koronawirusyň ý­aýramagy bilen baglan­yşykly ýagdaý hasam e­rbetleşse ýüze çykyp ­biler.

şu gün 14:49
633

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

şu gün 14:28
482

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

şu gün 00:57
4k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
1.5k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......