Xiaomi kompaniýasy Mi Band 6 fitnes-bilezigini hödürledi

  • 02.04.2021 16:50
  • 7.8k+

Ýakynda Xiaomi hytaý kompaniýasy uly göwrümli tanyşdyryş çäresini geçirdi, onuň dowamynda birbada üç sany kuwwatly smartfon modeli, şeýle-de fitnes-bileziginiň täze nesli – Mi Band 6 hödürlendi diýip, mymsk.online habar berýär.

Täze fitnes-trekeri diagonaly 1,56 dýuým bolan AMOLED ekrany bilen üpjün edildi. Şeýle-de, onuň üçin 130-dan gowrak displeý temasy elýeterli bolar, bir zarýad bilen gurluş 14 güne çenli işläp biler. 
Gajet fiziki işjeňligiň görnüşini awtomatiki ýagdaýda kesgitleýär. Ol ylgaw, welosiped sürmek we başgalar ýaly alty sport türgenleşigini bilip, 30-dan gowrak maşk režimini göterýär. Bilezik ganyň kislorod bilen üpjünçiligine-de (SpO2), arterial basyşyna, ukynyň hiline gündelik gözegçilik edip bilýär. 
Şeýle-de, suwdan gorag bar – gurluş 50 metre çenli çuňluga çümüp bilýär. Fitnes bileziginiň satylyp başlanjak ilkinji bazary Hytaý bolar.

düýn 20:32
933

Italiýada adamyň emeli aňa garaşlylygynyň ilkinji ýagdaýy resmi taýdan hasaba alyndy

Italiýanyň garaşlylyk bilen işlemek boýunça döwlet gullugy (SERD) ýurtda emeli aňa garaşly bolmagyň ilkinji ýagdaýyny hasaba aldy. «Gazzettino» gazetiniň habar bermegine görä, hakyky durmuşdaky gatnaşyklardan......

düýn 20:26
469

Ulanyjylaryň nägiliginden soň Windows 11-de widjetleriň görnüşi ýönekeýleşdirilip başlandy

Microsoft kompaniýasy Windows 11-däki widjetleriň ulanyjylaryň ünsüni sowýandygyny we interfeýsi artykmaç ýükleýändigini boýun alyp, olary ýönekeýleşdirmek meýilnamasyny yglan etdi....

düýn 15:47
981

Google displeýsiz, elýeterli Fitbit Air fitnes-bilezigini tanyşdyrdy

Google kompaniýasy täzelenen Fitbit hatarynyň ilkinji enjamy bolan Fitbit Air fitnes-bilezigini tanyşdyrdy. Bilezigiň kemeri bilen bilelikdäki umumy agramy bary-ýogy 12 grama deňdir....

düýn 07:31
2.3k+

Samsung daş-töwerek bilen bilelikde wideodyr şekil görkezýän AR linzaly äýnegini hödürledi

Samsung Display kompaniýasyna degişli bolan eMagin firmasy «SID Display Week» sergisinde içine micro-OLED displeýleri gurlan akylly äýnekler üçin linzalaryň prototiplerini görkezdi....