Russiýa Türkmenistandan nobatdaky ýörite uçuşy gurady

  • 01.04.2021 13:51
  • 29k+

31-nji martda Türkmenabadyň halkara howa menzilinden S7 awiakompaniýasynyň S78536 belgili ýörite gatnawy bilen Moskwanyň «Domodedowo» howa menziline 173 adam uçdy. Russiýa Federasiýasyna nobatdaky ýörite uçuşy RF-niň Türkmenistandaky ilçihanasy gurady.

Bu uçuş pandemiýa başlany bäri rus diplomatik wekilhanasy tarapyndan guralan onunjy ýörite uçuşdyr.
S78535 belgili gatnaw arkaly Moskwa-Türkmenabat ugry boýunça Russiýa Federasiýasynyň çäginde wagtlaýyn bolýan Türkmenistanyň raýatlary hem ýurdumyza dolanyp bildiler.

şu gün 14:49
633

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

şu gün 14:28
482

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

şu gün 00:57
4k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
1.5k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......