Aşgabatda Baýram han Türkmene bagyşlanan halkara forum geçirildi

  • 01.04.2021 09:25
  • 8.6k+

31-nji martda Aşgabatda «Baýram han Türkmen we türkmen halkynyň mertlik, watansöýüjilik, adamkärçilik ýörelgeleri» atly halkara forum geçirildi.  Onlaýn görnüşinde geçirilen maslahata dünýäniň on sekiz ýurdundan 200-den gowrak adam gatnaşdy. Olaryň arasynda alymlar, taryhçylar, medeniýet we sungat işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary we professor mugallymlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar. 

Halkara forumda Baýram han Türkmeniň edebi mirasynda aýratyn şöhlelenýän mertlik, merdanalyk, watansöýüjilik, adamkärçilik, dost-doganlyk ýaly ýaly çuňňur garaýyşlary, olaryň häzirki döwürde hem ähmiýetini ýitirmändigi nygtaldy.  Esasy mejlisde hem-de bölümçelerde öňe sürlen ylmy pikirler Merkezi Aziýa halklarynyň taryhy ykbalynda uly orun eýeleýän Baýram han Türkmeniň edebi mirasyny has giňişleýin açyp berdi. Muhammet Baýram han Türkmeniň edebi mirasy we milli terbiýäniň kökleri, türkmen we hindi halklarynyň medeni-taryhy gatnaşyklary we çuňňur taryhy kökleri, Parahatçylyk we ynanyşmak taglymatynyň halkara gatnaşyklardaky orny ýaly ugurlarda pikir alşyldy. 
Müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan,  halallyga gönezlik, ruhy dünýämize gözellik bolan baý edebiýatymyz we  taryhymyz  adamzadyň ünsüni özüne çekip gelýär.  Taryhda ençeme döwletleri döreden türkmen halky şol  döwletleriň üsti bilen halklaryň we medeniýetleriň biri-biri bilen utgaşmagyny, sazlaşmagyny gazandy. Orta asyrlarda zeminiň jenneti hasaplanýan Hindistany dolandyran türkmen hökümdarlary bu ýerde bina eden belent ymaratlarynyň ýüzüne «Biziň kimdigimizi tanajak bolsaňyz, galdyran yzlarymyza, eserlerimize serediň» diýen sözleri nagyşladypdyrlar. 
Şeýle derejelere ýeten beýik türkmen şahyrlarynyň biri hem Muhammet Baýram handyr. Türkmenleriň baharly neberesinden bolan Muhammet Baýram han, taryhy maglumatlara görä, takmynan, 1500-1505-nji ýyllarda Badahşanda dogulýar. 
Baýram hanyň babasy Şiraly beg Hyratda häkimlik eden, Soltan Hüseýin  Baýgaranyň köşgünde hem hyzmat edipdir. Baýram hanyň kakasy Seýfaly begiň Gaznada häkim bolandygy hakda hem maglumatlar bar. Ol meşhur  taryhçy Mürze Jahan şanyň neberesinden bolup, Hindistandaky Mogol imperiýasynyň hökümdary Babyr bilen ýakyn gatnaşyk saklapdyr . Baýram hana  Balhyň tanymal alymlary ders beripdir. Ol şol ýerde pars we arap dillerini suwara öwrenipdir. Baýram han aruz formasynda goşgy düzen şahyrlaryň biridir. Ol harby serkerde, döwlet işgäri, filosof, sazanda hem şahyr bolupdyr.
Baýram han türkmen serkerdelerine mahsus merdanalygy, harby tilsimlere ezberligi, ugurtapyjylygy bilen birlikde  galamy ýörgürligi bilen  tutuş Hindistany we söz gözelligine aşna ýürekleri özüne maýyl eden, bäş dilde goşgy düzen şahyrdyr. Oňa bagyşlanyp halkara forumyň geçirilmegi we “Ylham” seýilgähinde ajaýyp heýkeliniň oturdylmagy Baýram han Türkmene goýulýan uly sarpany aýdyň görkezýär.

şu gün 22:53
84

DÇ-2026-nyň topy kosmosa-da baryp ýetdi

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi topy bolan Adidas Trionda Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) iberildi....

şu gün 14:49
965

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

şu gün 14:28
754

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

şu gün 00:57
4.3k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......