Belaň körügi Uhandamy? BSGG koronawirusyň gelip çykyşy hakyndaky netijelerini aýan etdi

  • 31.03.2021 21:27
  • 38k+

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy pandemiýa sebäp bolan SARS-CoV-2 koronawirusynyň gelip çykyşyny kesgitlemek maksady bilen guramanyň halkara bilermenler topary tarapyndan geçirilen barlagyň netijeleri barada hasabatyny beýan etdi.

Hünärmenler koronawirusyň barlaghana şertlerinde ýüze çykmagynyň ähtimallygyna az ähmiýet berseler hem, bu babatda henizem doly ylalaşyga gelip bilmediler.
Hasabatda wirusyň döreýşiniň dört görnüşi hödürlenilýär. Olaryň her biri hem ähtimallyk babatda bahalandyryldy.
Hünärmenler pandemiýanyň ýüze çykmagynyň iň ähtimal çeşmesi hökmünde wirusyň adamlara ýarganatlardan araçy haýwanyň üsti bilen ýokuşmagydygyny aýdýarlar. Wirusyň ýarganatlardan göni ýokuşmagy hem mümkin bolan garaýyş hökmünde kesgitlenildi.

Wirusyň doňdurylan ýa-da sowadylan önümlerden ýokuşmak ähtimallygyna az ähmiýet berildi.
Wirusyň Hytaýyň Uhandaky barlaghanasyndan syzyp ýaýramak ähtimallygyna hem «aşa az ähmiýet» berildi.

Şol bir wagtyň özünde hasabatyň awtorlary COVID-19-yň gelip çykyş meselesini öwrenmegi dowam etdirmäge çagyrdylar.
Alymlar 2019-njy ýylyň ahyrynda täze wirusyň ilkinji keselleme ýagdaýynyň hasaba alnan Uhan şäherindäki meşhur Huanan deňiz önümleri lomaý bazarynyň esasy roluny takyk kesgitläp bilmediler. Hünärmenler maglumatlaryň ýeterlik bolmanlygy sebäpli koronawirusyň haýwandan adama ýokuşmagynyň hut şu bazarda ýüze çykandygyny ýa-da hemişe köp adamly ýer hökmünde keseliň şol ýere başga bir ýerden getirilendigini takyklap bilmediler.

Halkara hünärmenler topary 2021-nji ýylyň 14-nji ýanwaryndan 10-njy fewraly aralygynda koronawirus ýaýrawynyň başlan ýeri bolan Uhan şäherinde barlag geçirdiler. Toparyň düzümine Hytaýdan 17 we beýleki ýurtlardan 17 sany hünärmen girdi.

düýn 23:52
1.4k+

Barlag erkekleriň we aýallaryň beýnisinde gen işjeňliginiň nähili tapawutlanýandygyny görkezdi

Alymlar erkekleriň we aýallaryň beýni öýjüklerinde gen işjeňliginiň tapawutlydygyny ýüze çykardylar. Bu barlagyň netijeleri şizofreniýa we Alsgeýmer keseli ýaly, käbir keselleriň döremek howpunyň näme üçin......

düýn 15:38
1.5k+

Alymlar lazeriň kömegi bilen beýnidäki ynamy işjeňleşdirmegi öwrendiler

Kwinslend uniwersitetiniň alymlary beýnide oksitosin we wazopressin gormonlaryny lazeriň kömegi bilen nokatlaýyn dolandyrmagyň täze, öň görülmedik usulyny oýlap tapdylar....

düýn 15:22
730

Ilon Mask «Starship V3» agyr raketasynyň ilkinji uçuşynyň wagtyny mälim etdi

SpaceX kompaniýasyny esaslandyryjy Ilon Mask «Starship V3» agyr raketasynyň–«Ship 39» prototipiniň ilkinji uçuşynyň 2026-njy ýylyň maý aýynyň başyna meýilleşdirilýändigini habar berdi....

düýn 12:05
3.1k+

Türkiýeli alymlar «akylly şpris» oýlap tapdylar

Haber7 portaly Stambuluň Ýyldyz tehniki uniwersitetiniň alymlary tarapyndan hirurgiýa operasiýalaryň howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän «akylly şprisiň» oýlap tapylandygyny habar berdi....