Türkmenistanda käbir ugurlar boýunça demir ýol gatnawlary dikeldilýär

  • 31.03.2021 02:56
  • 75k+

2021-nji ýylyň 1-nji aprelinden bildirilýän talaplary berjaý etmek şerti bilen, synag hökmünde, hepde-de 2 gezek — hepdäniň çarşenbe güni Aşgabat — Mary — Türkmenabat, hepdäniň penşenbe güni Türkmenabat — Mary — Aşgabat ugurlary boýunça demir ýol gatnawy ýola goýlar. Şeýle hem hepde-de bir gezek Aşgabat — Daşoguz ugry boýunça ýekşenbe güni, hepdäniň duşanbe güni Daşoguz — Aşgabat ugry boýunça demir ýol gatnawy dikeldiler. Bu barada «Demirýollary» AGPJ habar berýär.
Şeýle hem welaýatara we şäherara demir ýol gatnawlary boýunça beýleki ugurlara girizilen wagtlaýyn çäklendirmäniň möhleti 2021-nji ýylyň 15-nji apreline çenli uzaldyldy.
Ýokarda görkezilen ugurlar boýunça ýolagçy biletleri häzirki wagtda diňe bilet satyş kassalarynda resmileşdirilýär.

düýn 23:58
1.1k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

düýn 21:03
11k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

düýn 20:34
1k+

«Ýaş tebigatçy» guramasy «Bilelikde ýaşyl geljege!» eko-festiwalyna gatnaşmaga çagyrýar

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ekologiýa medeniýetini ösdürmäge hem-de durnukly ösüşe bagyşlanan «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwala gatnaşmaga......

düýn 11:32
4.6k+

Finlýandiýada işsizlik XXI asyryň iň ýokary derejesine ýetdi

2026-njy ýylyň maý aýynda Finlýandiýada işsizleriň sany 376 müň adama ýetdi. Bu bolsa soňky 28 ýyldaky iň ýokary görkezijidir....