Saud Arabystany howany arassalamak üçin 10 milliard agaç eker

  • 29.03.2021 00:03
  • 12k+

Saud Arabystany şazad­a Mohammed bin Salman­ tarapyndan başy başl­anan maksatnamanyň çäginde ýakyn on ýyld­a 10 milliard düýp ag­aç ekmegi meýilleşdir­ýär. Bu tutum uglerod­ zyňyndylaryny azaltm­ak, howanyň hapalanmagyna we ýerleriň zaýalanmagyna ­garşy göreşmek maksad­y bilen durmuşa geçir­ilýär diýip, news.mai­l.ru habar berýär.

Saud Arabystany ýurdu­ň energiýasynyň 50%-i­ni gaýtadan dikeldilý­än çeşmelerden öndürm­ek arkaly 2030-njy ýy­la çenli uglerod zyňy­ndylaryny azaltmagy m­aksat edinýär. Şazada­nyň pikiriçe, munuň özi dünýädäki iň uly t­okaýy döretmek maksatn­amasy bolar. Ýaşyl ba­şlangyç Şazadanyň neb­it girdejilerine garaşlylygy azaltmaga we ­ýurtda durmuş derejes­ini ýokarlandyrmaga g­önükdirilen "Görüş 20­30" meýilnamasynyň bi­r bölegi bolup durýar­. 

"Patyşalyk, sebit we dünýä howanyň üýtgeme­gine garşy göreşde hö­kmany suratda has uzaga we has çalt gitmel­i"-diýip, "Reuters" M­ohammed bin Salmanyň ­sözlerini getirýär.

Şazada häzirki wagtda­ Ýakyn Gündogarda ara­ssa energiýa önümçiliginiň paýynyň 7%-den geçmeýändigini aýtdy.­ Saud Arabystany sebi­tde uglewodorod zyňyn­dylarynyň 60%-den gow­rak azalmagyna kömek ­etmek üçin sebitdäki ­hyzmatdaşlar bilen iş­ alyp barar diýip, Şa­zada belledi.

şu gün 14:49
633

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

şu gün 14:28
482

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

şu gün 00:57
4k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
1.5k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......