Belarus Ýewrowideniýe-2021-e gatnaşmakdan mahrum edildi

  • 27.03.2021 23:31
  • 10k+

Belarus hödürlän täze aýdymynyň “Ýewrowideniýäniň” düzgünlerine laýyk gelmeýänligi sebäpli, aýdym-saz bäsleşigine gatnaşmakdan mahrum edildi. Muny RIA Nowosti ýetirýär.

“Belteleradiokompaniýasynyň anketany bellenilen möhletiň dowamynda tabşyryp bilmändigi üçin, gynansak-da, Belarus maý aýynda 65-nji “Ýewrowideniýe” aýdym-saz bäsleşigine gatnaşmaz” – diýlip, guramanyň Twitterde ýerleşdirilen beýannamasynda aýdylýar.

Mart aýynda guramaçylar Belarusa “Galasy 3Mesta” toparynyň “Men saňa öwrederin” aýdymyny syýasy subtekst hökmünde görüp, çalyşmagy teklip etdiler. Rolik Ýewrowideniýäniň YouTube-ýaýlymyndan aýryldy. Anna güni bäsleşige milli saýlawy guraýan “Belteleradiokompaniýa” döwlet mediaholdinginde täze aýdymyň saýlanandygy aýdyldy.
Bäsleşigiň guramaçylary ýurt tarapyndan hödürlenen täze anketany gowy gözden geçirip, onuň hem bäsleşigiň kimdir biriniň gyzyklanmasy üçin ulanylmaýandygyny we abraýdan düşürilmeýändigini kepillendirýän düzgünleri bozýandygy baradaky netijä geldiler.
Ýewrowideniýe aýdym-saz bäsleşigi 18-nji maýdan 22-nji maý aralygynda Rotterdamdaky Ahoy meýdançasynda geçiriler. Oňa 40 ýurtdan ýerine ýetirijiler gatnaşar.

şu gün 14:49
633

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

şu gün 14:28
482

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

şu gün 00:57
4k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
1.5k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......