Ertir Türkmenistanda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlary geçiriler

  • 27.03.2021 14:03
  • 9.1k+

Ýekşenbe güni, 28-nji martda Türkmenistanda möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre — Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlary geçiriler.

26-njy martda saýlawlaryň öň ýanyndaky wagyz işleri tamamlandy.
Türkmenistan boýunça Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna jemi 112 dalaşgär bellige alyndy.
Bellenilen tertibe laýyklykda, paýtagtymyzda we welaýatlarda dalaşgärleriň saýlawçylar — welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlarynyň agzalary bilen 24 duşuşygy geçirildi. Şunda ähli dalaşgärlere saýlawlaryň öň ýanyndaky wagyz işlerini alyp barmak üçin deň şertler we mümkinçilikler döredildi.
Iki palataly Milli Geňeşiň döredilmegi ýurdumyzyň parlamentiniň taryhynda täze möhüm tapgyryň başlanýandygyny alamatlandyrar hem-de kanunçykaryjylyk işiniň kämilleşdirilmegine, döwlet häkimiýet edaralarynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, jemgyýetçilik durmuşynyň mundan beýläk-de yzygiderli demokratiýalaşdyrylmagyna ýardam berer.
Saýlawlaryň geçirilişine milli synçylaryň 440-sy öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde gözegçilik ederler, olaryň esasy wezipesi saýlawlaryň açyklygyny hem-de aýanlygyny, kanunçylyga laýyklygyny üpjün etmekden ybaratdyr.

şu gün 14:49
633

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

şu gün 14:28
482

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

şu gün 00:57
4k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
1.5k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......