Eýs Wentura gaýdyp gelýär. Seriýanyň üçünji filmi anons edildi

  • 23.03.2021 17:54
  • 12k+

Eýs Wentura baradaky komediýa seriýasynyň muşdaklaryna onuň dowamy wada berildi. Ýagny, Morgan Creek kompaniýasy detektiw barada üçünji filmiň üstünde işleýändigini habar berdi diýip, ren.tv belleýär.

Täze Eýs Wentura kinoteatrlarda görkezilmek mümkinçiligi bilen doly metražly film görnüşinde Amazon-da çykar – diýlip, habarda aýdylýar.

Ýeri gelende bellesek, Eýs Wenturanyň Facebook sahypasy bar. Oňa üç million töweregi janköýer abuna ýazyldy. Hut şolar filmiň üçünji bölümini surata düşürmegi haýyş etdiler.
Birinji bölüm “Eýs Wentura: Öý haýwanlarynyň gözlegi” 1994-nji ýylda çykdy. Baş gahryman öý haýwanlarynyň gözlegi boýunça detektiw bolýar. Haçan-da syrly jenaýatçylar ýerli “Delfinler” futbol toparynyň tumary hasaplanýan Garjagaz atly delfini ogurlanlarynda, Eýs oýlap tapyjylyk täsinliklerini görkezip, şol bada işe girişýär. Filmde baş keşbi Jim Kerri ýerine ýetirdi. Ikinji bölüm “Eýs Wentura 2: Tebigatyň çagyryşy” 1995-nji ýylda çykdy.
Ýöne täze filmiň sýužet taýdan soňky bölümiň yzyny dowam etdirjekdigi ýa hatda lentada Jim Kerriniň surata düşjekdigi häzirlikçe belli däl. 

düýn 22:32
1.2k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
1.2k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

düýn 22:13
1.5k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

düýn 22:11
734

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......