Volkswagen dünýäniň elektromobil bazarynda lider bolmak isleýär

  • 20.03.2021 16:31
  • 7.7k+

Germaniýanyň Volkswagen awtokonserni 2025-nji ýyla çenli dünýäniň elektromobil bazarynda öňdebaryjy orny eýelemegi maksat edinýär. Bu barada kompaniýanyň metbugat relizinde aýdylýar diýip, TASS habar berýär.

2020-nji ýylda awtokonsern elektromobil satuwyny üç esseden gowrak ýokarlandyrdy. Şu ýyl şeýle ulag serişdeleriniň 1 million sanysyny ýola goýmak meýilleşdirilýär. Geljek bäş ýylda Volkswagen elektrik we gibrid hereketlendirijili ulaglary döretmek üçin, takmynan, 46 mlrd ýewro maýa goýmagy maksat edinýär. 2030-njy ýyla çenli kompaniýa elektrik ulaglarynyň Ýewropadaky umumy satuwda paýyny 60%-e çenli ýokarlandyrmagy meýilleşdirýär.
Kompaniýanyň metbugat relizinde bellenilişi ýaly, 2021-nji ýylda koronawirus pandemiýasy sebäpli dörän kynçylyklardan soň biznesiň gaýtadan dikelmegine garaşylýar. 
Duşenbe güni Volkswagen 2030-njy ýyla çenli Ýewropada elektromobiller üçin batareýleri öndürjek alty zawoddan ybarat ulgamy döretmek isleýändigini habar berdi. Ilkinji iki zawod Şellefteo (Şwesiýa) we Zalsgitter (Germaniýa) şäherlerinde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmak bilen işlär. Şwesiýadaky zawodda önümçilik 2023-nji ýylda, Germaniýada 2025-nji ýylda başlamaly.

şu gün 14:47
1.9k+

Iň kiçi Toyota Land Cruiser FJ ýolsuz ýerde ýöreýän ulagy ýapon bazaryna çykdy

Toyota kompaniýasy Ýaponiýanyň bazarynda täze Land Cruiser FJ ramaly wnedorožniginiň satuwa çykarylandygyny resmi taýdan yglan etdi. Model ýeke-täk VX komplektasiýasynda hödürlenip, bahasy 4,5 million ýena......

şu gün 10:06
3.6k+

Uçýan «Alef» elektromobili eýýäm 1000-den gowrak synag uçuşyny amala aşyrdy

Amerikanyň Alef Aeronautics startap kompaniýasy özüniň uçýan «Model A» atly elektromobiliniň 1000-den gowrak synag uçuşyny üstünlikli tamamlandygyny mälim etdi. Kompaniýa indiki ýyl taýýar ulaglary ilkinji......

şu gün 06:05
2.5k+

Hyundai täzelenen Grandeur sedanyny tanyşdyrdy

Hyundai kompaniýasy Günorta Koreýanyň bazarynda täzelenen flagman sedany bolan Grandeur-y tanyşdyrdy. Bu model 2022-nji ýylyň ahyrynda nesil çalşanyndan bäri ýerli bazarda iň köp satylýan bäş awtomobiliň......

düýn 11:31
5k+

Kaşaň hytaý sedany Rolls-Royce-yň ýarty bahasy bilen oňa bäsdeşlik eder

Huawei we JAC kompaniýalaryna degişli bolan Maextro brendi özüniň flagman sedanynyň hakyky altyn çaýylan we ýörite dizaýnly Maextro S800 Grand Design atly aýratyn görnüşini tanyşdyrdy....