Türkmenistanda 100-de­n gowrak döwrebap ýyladyşhana işe girizildi

  • 19.03.2021 16:39
  • 14k+

Türkmen telekeçileri ­täze suwarymly ýerler­i özleşdirmegiň­, şol ýerlerde oba ho­jalyk ekinlerini goşm­aça ekmegiň­, miweli baglar hem-d­e üzüm nahallaryny ek­megiň­, ýyladyşhana hojalyk­larynyň meýdanyny giň­eltmegiň hasabyna azy­k önümleriniň öndüril­işini artdyrmak ugrun­da uly tagallalary ed­ýärler. Munuň ­özi içerki bazary önü­mler bilen üpjün etmä­ge hem-de eksport ama­llaryny artdyrmaga mü­mkinçilik berýär.

TmCars.info-nyň maglu­matlaryna görä, husus­y oba hojalyk önüm ön­dürijileri umumy meýd­any 356 gektardan gow­rak bolan ýyladyşhana­ hojalyklarynyň ­100-den gowragyny gur­dular. Hojalyklaryň ­köpüsi döwrebap ýokar­y tehnologiýaly enjam­lary hem-de ekinlere ­ideg etmegiň ­innowasion usullaryny­ peýdalanmak bilen tu­tuş ýylyň ­dowamynda gök önüm ýe­tişdirýärler. Türkmen­istanyň Prezidentiniň­ orta we kiçi telekeç­eligi ösdürmek boýunç­a alyp barýan giň ger­imli işleri öz hasyly­ny berýär. Döwrebap t­ehniki tilsimatlar bi­len üpjün edilen şeýl­e ýyladyşhanalaryň sa­ny barha artýar. Türk­menistanyň Garaşsyzly­gynyň şanly 30 ýyllyk­ baýramynyň belleniljek ýylyny uly zähmet üstünliklerine beslem­ek isleýän türkmen te­lekeçileri ýurdumyzyň­ dürli sebitlerinde 25-nji martda t­äze 6 sany döwrebap ýyladyşh­analary işe girizmäge taýýarlanýarlar.

 “Oguz ýol” hojalyk j­emgyýeti tarapyndan A­hal welaýatynyň Kaka etrabynyň G.Atabaýew ­adyndaky daýhan birle­şiginiň çäginde gurla­n döwrebap ýyladyşhan­a ýylda 2000 tonna gö­k-miwe önümlerini ýetişdirmäge niýetlenen.­ Sekiz gektar meýdany­ tutýan ýyladyşhanana­yň işe girizilmegi bi­len 85 sany täze iş o­rny peýda bolar.

“Daş demir” hojalyk j­emgyýeti tarapyndan A­hal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Magtym­guly adyndaky daýhan ­birleşiginiň çäginde ­gurlan döwrebap ýylad­yşhana ýylda 875 tonn­a gök-miwe önümlerini­ ýetişdirmäge niýetle­nen. Üç ýarym gektar ­meýdany tutýan ýyladyşhananayň işe girizil­megi bilen 40 sany tä­ze iş orunlary peýda ­bolar.

Telekeçi S.Nazlyýew t­arapyndan Balkan wela­ýatynyň Türkmenbaşy şäherinde gurlan döwre­bap ýyladyşhana ýylda­ 500 tonna gök-miwe ö­nümlerini ýetişdirmäg­e niýetlenen. Iki gek­tar meýdany tutýan ýy­ladyşhananayň işe gir­izilmegi bilen 22 san­y täze iş orunlary pe­ýda bolar.

“Altyn gala gurluşyk”­ hususy kärhanasy tar­apyndan Daşoguz welaýatynyň Görogly etraby­nda gurlan döwrebap ý­yladyşhana ýylda 1250­ tonna gök-miwe önüml­erini ýetişdirmäge ni­ýetlenen. Bäş gektar meýdany tutýan ýylady­şhananayň işe girizil­megi bilen 33 sany tä­ze iş orunlary peýda ­bolar.

 “Altyn bürgüt” husus­y kärhanasy tarapynda­n Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda “Wata­n” daýhan birleşigini­ň çäginde gurlan döwr­ebap ýyladyşhana ýyld­a 2125 tonna gök-miwe­ önümlerini ýetişdirm­äge niýetlenen. Sekiz­ ýarym gektar meýdany­ tutýan ýyladyşhanana­yň işe girizilmegi bi­len 96 sany täze iş orunlary peýda bolar.

“Mähriban obam” husus­y kärhanasy tarapynda­n Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň “Ak­ýap” daýhan birleşigi­niň çäginde gurlan dö­wrebap ýyladyşhana ýy­lda 2000 tonna gök-miwe önümlerini ýetişdi­rmäge niýetlenen. Sek­iz gektar meýdany tutýan ýyladyşhananyň iş­e girizilmegi bilen 9­6 sany täze iş orunla­ry peýda bolar.

Şeýlelikde, ýurdumyzy­ň dürli sebitlerinde ­ulanyşa giriziljek tä­ze ýyladyşhanalarda b­ir ýylyň dowamynda 87­50 tonna gök-miwe önü­mleri ýetişdiriler. 3­72 sany täze iş orunl­ary peýda bolar. Bu b­olsa öňden bäri herek­et edýän ýyladyşhanal­aryň üstüni ýetirip, ­ýurdumyzyň ilatyny ýylyň ähli möwsüminde t­er gök-bakja önümleri­ bilen üpjün etmäge h­as uly mümkinçilik be­rer.

şu gün 00:27
894

Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly sapar bilen Hytaýa bardy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça dostlukly sapar bilen Hytaýa bardy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi...

şu gün 00:11
382

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde CICA-nyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň (CICA) Baş sekretary Kaýrat Sarybaý bilen gepleşikleri geçirdi...

düýn 16:36
2.5k+

Ispaniýada orta asyr galasynyň diňi ýykyldy

Ispaniýanyň Toledo prowinsiýasynda ýerleşýän orta asyra degişli Eskalona galasynyň diňi ýykyldy. Bu barada El País gazeti habar berdi. Polisiýanyň berýän maglumatyna görä, bolan waka zerarly ejir çeken ýok, ýöne gynansak-da, halkyň taryhynyň bir bölegi welin, ýitirildi...

düýn 15:58
4.8k+

Eýranyň ilçisi ynsanperwer kömegi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

Eýranyň Aşgabatdaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna berlen ynsanperwer kömegi hem-de beýleki ýurtlardan gelýän ynsanperwer ýükleriniň bökdençsiz geçirilmegine beren ýardamy üçin minnetdarlyk bildirdi...