Türkmenistanyň Prezid­enti harby we hukuk g­oraýjy edaralaryň kömekçi hojalyklarynyň i­şi bilen tanyşdy

  • 19.03.2021 14:30
  • 20k+

18-nji martda Gurbang­uly Berdimuhamedow ýu­rdumyzyň harby we huk­uk goraýjy edaralaryn­a degişli kömekçi hojalyklarda alnyp baryl­ýan işler we 20-nji m­artda badalga aljak köpçülikleýin bag ekme­k dabarasynyň ýazky m­öwsümine görülýän taýýarlygyň barşy bilen tanyşdy.

Köpetdagyň etegindäki­ ajaýyp künjekde­ d­öwlet Baştutany ­wise-premýer­, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.­Amanow bilen harby we hukuk goraýj­y edaralaryň maddy-en­jamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň ­kömekçi hojalyklaryny­ň işini kämilleşdirme­k hem-de bu düzümleri­ň ýurdumyzda azyk how­psuzlygynyň berkidilm­egine goşýan goşandyn­y mundan beýläk-de ar­tdyrmak bilen baglany­şykly meseleler barad­a pikir alyşdy.

Şeýle hem ýurdumyzyň harby we hukuk goraýj­y edaralarynyň ýolbaşçylary gara­magyndaky kömekçi hojalyklarda ­degişli işleriň alnypbarlyşy barada ­hasabat berd­iler­.­

Gurbanguly Berdimuham­edow kömekçi hojalykl­aryň önümçiligini art­dyrmak, mallaryň baş ­sanyny köpeltmek, şeý­lelikde, dürli görnüş­li oba hojalyk önümle­riniň bolçulygyny üpj­ün etmek meselelerine­ möhüm ähmiýet berilm­elidigini belläp, bu işleriň ýaş harby gul­lukçylaryň zähmet ter­biýesi üçin möhüm ähmiýete eýedigini nygta­dy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Gü­ýçleriniň Belent Serk­erdebaşysy kömekçi hojalyklaryň işiniň ösd­ürilmeginiň diňe bir ­önüm bolçulygyny üpjü­n etmekde däl, eýsem,­ ýaş esgerleriň zähme­te söýgüsini artdyrma­kda aýratyn ähmiýetli­digini belledi we zäh­met terbiýesiniň söwe­şjeň taýýarlyk, beden­terbiýe, sport bilen bir hatarda işjeňleşd­irilmegi üçin zerur t­agallalary etmegi tab­şyrdy.

Milli Liderimiz wise-­premýer, Ýokary gözeg­çilik edarasynyň başl­ygy S.Berdimuhamedowa­ ýüzlenip, ylmy nukda­ýnazardan seljerip he­m-de ýerli toprak-how­a şertlerini göz öňün­de tutmak bilen, azyk­lyk ýagy öndürmekde m­öhüm orny eýeleýän gü­nebakar, zeýtun, künj­i ýaly ösümlikleri kö­pçülikleýin ösdürip ýetişdirmek we gaýtada­n işlemek bilen bagly­ meseleleri öwrenmegi­ tabşyrdy.

düýn 20:52
2.2k+

«Maşa we Aýy» multserialy doly metražly film bolar

«Maşa we Aýy» multserialynyň awtory Oleg Kuzowkow taslamanyň esasynda dörediljek ilkinji doly metražly filmiň üstünde işläp başlady. Filmiň önümçiligi bilen onuň esaslandyran Studio MiM studiýasy meşgullanar....

düýn 17:28
2.7k+

«Kagyz jaý» serialynyň täze dowamy bolar

Netflix platformasy «Kagyz jaý» (Бумажный дом / La Casa de Papel) sagasynyň wakasynyň dowam etjekdigini habar berdi, ýöne täze taslama barada giňişleýin maglumat entek ýok....

düýn 16:08
2.2k+

Emili Blant we Stenli Tuççi Holliwudyň Şöhrat alleýasynda atly ýyldyzlara mynasyp boldy

Emili Blant we Stenli Tuççi Los-Anjelesdäki Holliwudyň Şöhrat alleýasynda atly ýyldyzlara eýe boldy. Dabara akýorlaryň kärdeşleriniň we maşgala agzalarynyň gatnaşmagynda geçdi diýip, «People» neşiri habar......

düýn 14:43
1.6k+

Tokioda Ýaponiýanyň iň beýik gökdiräni — Torch Tower binasy gurulýar

Tokioda Ýaponiýanyň iň beýik binasy boljak «Torch Tower» diňiniň gurluşygy batly depginler bilen dowam edýär. Bu gökdirän diňe bir beýikligi bilen däl, eýsem binalaryň içerki meýdany boýunça hem dünýäde......