Sesleri elektrik toguna öwürmegiň usuly tapyldy

  • 16.03.2021 08:54
  • 9.4k+

Akademik Korolýow adyndaky Samara milli barlag uniwersitetiniň alymlary elektrik gurluşlarynyň sesini elektrik toguna öwürmegiň usulyny tapdylar. Bu barada ferra.ru habar berdi.

Hünärmenler ýörite mikroelektrik stansiýasyny döretdiler. Şeýle gurnama demir ýol lokomotiwleriniň, deňiz gämileriniň ýa-da porşen kompressorlaryň hereketlendiriji ulgamlarynyň işleýiş ulgamlaryna ýerleşdirilip bilner. Ol ses tolkunlarynyň energiýasyny elektrik toguna öwürmek pikirine esaslanýar. Alymlar eýýäm mikroelektrik stansiýasynyň prototipini düzdüler. Uzynlygy üç metre golaý polipropilen turbadan durýar. Onuň içinde elektrik generatory bilen herekete getirýän turbina ýerleşýär. Turbanyň bir ujuna ses çeşmesi berkidilýär (synaglaryň dowamynda subwoofer). Ses titremeleri turbinany aýlaýar.
Synaglar 20 watt töweregi sesiň 13 müň aýlawda turbinany öwrüp biljekdigini görkezdi. Munuň özi 2 watt töweregi elektrik almaga mümkinçilik berýär.

şu gün 16:56
345

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

şu gün 12:41
818

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

şu gün 11:09
1k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

düýn 06:42
5.3k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....