Braziliýa koronawirus bilen kesellänleriň sany boýunça dünýäde ýene-de ikinji orna çykdy

  • 14.03.2021 14:49
  • 11k+

Braziliýa SARS-CoV-2 koronawirusy bilen kesellänleriň sany boýunça ýene-de ikinji orna çykdy. Bu görkeziji boýunça ol Hindistandan öňe geçdi we häzir diňe ABŞ-dan yzda barvar diýlip, Braziliýanyň Saglygy goraýyş ministrligi tarapyndan neşir edilen maglumatlarda aýdylýar. Bu barada Regnum habarlar agentligi habar berýär.

Soňky bir günüň içinde ýurtda ýüze çykarylan koronawirus ýagdaýy 85 663 san ýokarlanyp, 11 363 380-e ýetdi. COVID-19 bilen ýogalan syrkawlaryň sany boýunça-da, Braziliýa ABŞ-dan soň ikinji ýerde durýar. Bir günde olaryň sany 2216 san ýokarlanyp, 275 105 adama ýetdi. Bu görkeziji eýýäm üç gün bäri 2 müňden ýokary. Bir gün öň 2233 ölüm ýagdaýy hasaba alyndy, ondan öňki gün – 2286. 
Kesel statistikasyna görä, geçen hepde kesel görkezijisi (421 604 kesel ýagdaýy) we ölüm sany (10 104 adam ýogalan) boýunça Braziliýa üçin rekord derejeli boldy. 
Braziliýanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň garamagyndaky Oswald Kruz ylmy-barlag birleşigi mart aýynyň başynda tutuş ýurt boýunça epidemiýa ýagdaýynyň ýaramazlaşýandygyny belledi. Onuň maglumatlaryna görä, dünýäde koronawirus ýokanjy sebäpli ýogalanlaryň 10%-den gowragy Braziliýanyň paýyna düşýär. 

15.06.2026 12:32
5.5k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.5k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.8k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......