Hytaý bilen Russiýa Aýda stansiýa dörederler

  • 11.03.2021 23:24
  • 7.9k+

"Roskosmosyň" rus korporasiýasynyň baş direktory Dmitriý Rogozin we Hytaýyň milli kosmos dolandyryş gullugynyň başlygy Çan Kejian Halkara ylmy Aý stansiýasyny döretmekde hyzmatdaşlyk Ähtnamasyna gol çekdiler. Bu barada "Roskosmosyň" metbugat gullugyna salgylanyp, Sputnik gullugy habar berdi.

"Roskosmos" korporasiýasy we KNKA, hukuklaryň we borçlaryň deň paýlanyş ýörelgelerine esaslanyp, ähli gyzyklanýan ýurtlar we halkara hyzmatdaşlar üçin açyk elýeterli Halkara ylmy Aý stansiýasyny döretmek boýunça hyzmatdaşlygy ösdürer" -diýlip, habarda aýdylýar.

Şeýle hem ol ýerde Ähtnama gol çekmegiň esasy maksady gözleg hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek we parahatçylykly maksatlar üçin kosmosda gözleg işlerini ösdürmek bolar diýlip bellenilýär.
Aý stansiýasyny Ýeriň emeli hemrasynyň üstünde we orbitasynda döretmek meýilleşdirilýär. Onda dürli gözegçilikler we tejribe synaglary geçiriler.

düýn 16:56
962

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

düýn 12:41
1.1k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

düýn 11:09
1.3k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

12.06.2026 06:42
5.5k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....