Audi R8 — awtosport üçin iň gowy howpsuzlyk awtomobilleriniň sanawynda birinji

  • 07.03.2021 17:49
  • 7.9k+

Hünärmenler iň gowy howpsuzlyk awtoulaglarynyň sanawyny düzdüler. Reýtinde awtosport üçin iň gowy howpsuzlyk awtomobili hökmünde Audi R8 saýlandy, diýip car.ru habar berýär.

Awtosportda «howpsuzlyk awtomobili» diýlip sport ýaryşlary wagtynda lukmanlar we beýleki ýörite gulluklaryň işgärleri tarapyndan ulanylýan dürli dünýä öndürijileriniň ulaglaryna düşünilýär. Bu hili awtomobiller ýaryş wagtynda howpsuzlygy üpjün edýän gulluklar üçin ulag serişdesi hökmünde ulanylýar.
Reýtingiň lideri barada aýdylanda, hünärmenler Germaniýanyň Audi awtomobil gurluşyk kompaniýasyndan R8 nusgasyny awtosportda iň gowy howpsuzlyk awtomobili diýip atlandyrdylar.
“Formula-E” seriýasynda howpsuzlyk awtomobili hökmünde ulanylýan BMW i8 Roadster elektrik modeli sanawyň ikinji ornuny eýeleýär. i8 awtomobili FIA tarapyndan tassyklanan ilkinji açyk kabinaly howpsuzlyk awtomobili boldy. Üçlügi Mercedes-AMG GT jemleýär. Bu awtomobil ýaryşyň weterany hasaplanylýar, sebäbi ol wezipesinde 2015-nji ýyldan bäri işleýär. Howpsuzlyk awtomobiliniň resmi sürüjisi Bernd Maýlander German Touring Car seriýasynyň ýaryşlaryndaky tejribesi bilen bu modeliň işlenip düzülmegine öz goşandyny goşdy.
Iň gowy howpsuzlyk awtomobilleriniň sanawyna şeýle modeller hem girdi: Jaguar XJ 1-Series, Lexus RC F, Lamborghini Countach, BMW M4, Chevrolet Camaro we Tatra T-623 R.

şu gün 01:38
1.1k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

düýn 14:04
8k+

700 at güýjündäki Camry: Toyota bir sedanda iki hereketlendiriji oturtdy

Toyota Gazoo Racing bölümçesi Ýaponiýada geçirilen «Super Taikyu» marafonynda bir wagtda iki sany benzin hereketlendirijisi, doly çekiji ulgamy we takmynan, 700 at güýji bolan eksperimental sedanyny hödürledi....

10.06.2026 11:18
4.9k+

450 dollara üstüňden Lamborghini-niň ysy gelip durar ýaly edip bolýar

Lamborghini kompaniýasy "Xerjoff" atyr öýi bilen hyzmatdaşlyga başlandygyny yglan etdi we öz atyrlarynyň ilkinji kolleksiýasyny tanyşdyrdy. Şeýle atyryň bir flakonynyň bahasy 396 dollardan 444 dollara çenli......

09.06.2026 15:11
3.3k+

Toyota TR LH2 suwuk wodorodly prototipi Le-Manyň ýaryş ýoluna çykar

"Toyota Gazoo Racing" kompaniýasy 2026-njy ýyldaky «Le-Manyň 24 sagady» ýaryşynda täze wodorodly "TR LH2 Racing Prototype" ýaryş prototipini görkezer. Awtoulag ilkinji gezek köpçüligiň öňünde ýaryş ýoluna......