Howa maglumaty: Türkmenistanda mart aýynyň ortalaryna çenli ýagyşly howa dowam eder

  • 06.03.2021 07:46
  • 40k+

Türkmenistanyň tutuş çägine ýaz pasly ýagyşly howasy bilen aralaşdy. Meteorologlar Aşgabatda ýagyşly howanyň geljek hepdäniň tutuş dowamynda saklanyp galjakdygyny çaklaýarlar. Şol bir wagtda howanyň temperaturasy gündizlerine 2 gradus sowukdan 10 gradus maýyl aralygynda üýtgäp durar.

Ýagynly howa netijesinde çyglylyk 86% derejesine çenli ýokarlanar. Güýçli ýagyşlar Ahal welaýatynyň dag etek etraplarynda geçer, Köpetdagda gar ýagar. Bu ýerde ir sagatlarda howanyň temperaturasy 0 we 5 gradus sowuga çenli aşak düşer.
Mary welaýatynyň käbir etraplarynda hem ýagşyň ýagmagyna garaşylýar. Balkan we Lebap welaýatlarynda hem güýçli şemal öwsüp, ýagyş ýagar. Şol bir wagtda ýagşyň ýagmagy ýurduň tutuş çäginde deňagramly bolmaz: ýurdumyzyň merkezi etraplarynda güýçli ýagşa garaşylýan bolsa, beýleki käbir etraplarda ygalyň mukdary kadadan aşak bolar.

şu gün 00:04
1.1k+

Ahalteke atlarynyň endamy nädip lowurdaýar? Türkmen alymlary muny öwrendi

Türkmen biotehnologlary ahalteke atlarynyň tüýüne mahsus bolan lowurdynyň esasynda ýatan biohimiki mehanizmleri anyklady we oňa barlaghana şertlerinde obýektiw baha bermegiň täze usulyny işläp taýýarlady. Bu......

düýn 10:37
5.5k+

«28 ýyl soň» filminiň üçünji bölegi 2027-nji ýylda düşürilip başlanar

Režissýor Denni Boýl «28 ýyl soň» franşizasynyň üçünji bölegini düşürmek işlerine geljek ýylda başlamagy meýilleşdirýär. Ol bu barada «Deadline» neşirine beren interwýusynda mälim etdi....

düýn 04:56
2.7k+

Aşgabatda haly we haly önümleriniň bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmen halysynyň milli muzeýinde «Türkmenhaly» döwlet birleşigi tarapyndan guralan haly we haly önümleriniň bäsleşiginiň jemleri jemlendi. «Ar­şyň ne­pis­li­gi — türk­men ha­ly­sy» at­ly bäsleşik Türkmen......

30.05.2026 11:30
4k+

Tirannozawryň skeleti Sotheby’s auksionynda 30 mln dollara satuwa çykarylar

Sotheby’s auksion öýi häzire çenli tapylan iň uly we doly derejeli tirannozawr skeletleriniň birini satuwa çykarar. Gas atly bu tapyndynyň bahasy 20–30 million dollar aralygynda bahalandyrylýar. Bu barada......