2025-nji ýylda dünýäde ilkinji kosmos myhmanhanasynyň gurluşygyna başlanar

  • 03.03.2021 19:31
  • 16k+

2025-nji ýylda Ýeriň pes orbitasynda dünýädäki ilkinji kosmos myhmanhanasy Voyager Station-yň gurluşygyna başlamak meýilleşdirilýär. Gurluşyk Orbital Assembly Corporation (OAC) kompaniýasy tarapyndan amala aşyrylar. Myhmanhana eýýäm 2027-nji ýylda işe başlap biler diýip, 3dnews.ru habar berýär.

Myhmanhananyň gurluşynda restoran, kinoteatr we spa-salon göz öňünde tutulýar, onuň sygymy 400 adama barabar bolar. OAC-yň meýilnamalaryna görä, stansiýa uly tegelek görnüşinde bolup, emeli dartylma güýjüni döretmek üçin aýlanar. Stansiýanyň korpusynyň daşynda syýahatçylary ýerleşdirmek üçin köp sanly kapsulalar gurlar. Kapsulalaryň käbiri ABŞ-nyň Milli aeronawtika we kosmos giňişliginiň derňewi boýunça edarasyna (NASA) hem-de Ýewropanyň kosmos agentligine (ESA) satylyp bilner. 
Şeýle-de, döwlet guramalary stansiýany öz ylmy modulyny ýerleşdirmek üçin ýa-da Marsa uçmaga taýýarlanýan kosmonawtlar üçin okuw merkezi hökmünde ulanyp bilerler.
Häzirki wagtda kosmos stansiýasynyň gurluşyk bahasy ýa-da myhmanhana otagynyň bahasy barada jikme-jik maglumatlar ýok.

düýn 23:26
820

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
5.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......