Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek tamamlandy

  • 03.03.2021 18:35
  • 8.1k+

Türkmenistanda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek tamamlandy.

Ýurdumyzyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, 6-njy fewralda badalga alan bu möhüm syýasy çäräniň çäklerinde welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň mejlislerinde dalaşgärler ara alnyp maslahatlaşyldy, olaryň sany çäklendirilen däldir. Mejlise gatnaşyjylaryň her biri dalaşgärlige hödürlenilýänler hakynda teklip girizmäge, ara alyp maslahatlaşmaga gatnaşmaga, olary goldamaga ýa-da ret etmäge, hut özüni hem dalaşgär hökmünde hödürlemek üçin ara alyp maslahatlaşylmagyny teklip etmäge bolan hukuklaryndan kanuna laýyklykda peýdalandylar.
Dalaşgärleri bellige almak çäresi 7-nji martda tamamlanar.
2021-nji ýylyň mart aýynyň soňky ýekşenbesinde geçiriljek Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna häzirki wagta çenli Ahal welaýaty boýunça 20 dalaşgär, Balkan welaýaty boýunça bolsa 21 dalaşgär bellige alyndy.

şu gün 08:41
81

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....

şu gün 08:03
1.3k+

Kazyýet işi Ak öýüň ýanynda geçirilmeli UFC ýaryşyny howp astynda goýdy

UFC ýaryşynyň geçirilmegine bir hepde galanda, ABŞ-nyň harby güýçleriniň weteranlaryny hem öz içine alýan bir topar raýat bu çäräni gadagan etmegi talap edip, käzyýete ýüz tutdular....

düýn 18:02
3.2k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

düýn 17:48
4.4k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......