"Çarwalaryň ýurdy", "Täç" we "Ruh" — "Altyn globus-2021"-iň ýeňijileri belli boldy

  • 02.03.2021 19:42
  • 6.6k+

Amerikan kinosynyň esasy baýraklaryndan biri bolan “Altyn globus-2021”-iň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Dabara iň gowy film, iň oňat aktýor we aktrisa ýaly ugurlarda köp sanly meşhurlary we muşdaklary begendirdi.

Holliwud Assosiasiýasy we daşary ýurt habar beriş serişdeleri kino pudagynyň esasy baýraklaryny kimleriň alandygyny mälim etdiler.
Iň oňat drama filmi “Çarwalaryň ýurdy” (Nomadland) filmi boldy we baýragyň iň gowy režissýor diýen ady bu filmi döreden Hloýa Çžao berildi.
Iň oňat komediýa ady "Borat 2" filmine, iň gowy komediýa aktýory baýragy Saşa Baron Koýene berildi. Iň oňat komediýa aktrisasy "Hilegär gyz" (I Care a Lot) filmindäki roly üçin Rozamund Paýk boldy.
Iň oňat drama aktýory “Ma Reýni: Blýuzyň enesi” (Ma Rainey's Black Bottom) filmindäki roly üçin Çadwik Bouzman we iň gowy drama aktrisasy Andra Deý boldy.
Tankytçylar ikinji plandaky iň oňat aktýorlar hökmünde Daniela Kaluuýany ("Iuda we Gara Mesih" - "Judas and the Black Messiah") we "Mawritanly" (The Mauritanian) filmindäki roly üçin meşhur Jodi Fosteri tapawutlandyrdylar.
Iň oňat ssenariýa baýragy “Çikagoly ýedileriň derňewi” (The Trial of the Chicago 7) filminiň döredijilerine gowşuryldy we “Minari” birleşigiň iň gowy daşary ýurt filmi boldy.
"Täç" (The Crown) serialy üç ugur boýunça baýrak aldy: iň oňat drama serialy we drama serialyndaky iň oňat aktýor we aktrisa - Joş O'Konnor we Emma Korrin.
"Şitts Krik" (Schitt's Creek) iň gowy komediýa serialy boldy we Ketrin O'Hara iň gowy komediýa serialynyň aktrisasy boldy.
Iň oňat mini-serial adyny "Perziniň göçümi" (The Queen's Gambit) filmi, mini-serialyň iň gowy aktrisasy adyny bolsa onuň baş gahrymany Anýa Teýlor Şoý aldy. Mini-serialyň iň gowy aktýory - Mark Ruffalo ("Munuň hakykatdygyny bilýärin" - "I Know This Much Is True") boldy.
Iň oňat animasiýa “Pixar”-yň meşhur animasiýasy - "Ruh" (Soul) boldy.

11.06.2026 13:03
7.4k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.8k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....