Amerikaly Holloueý päsgelçilikli 60 metr aralyga ylgamakda dünýä rekordyny täzeledi

  • 26.02.2021 19:31
  • 9.4k+

Amerikaly sprinter Grant Holloueý päsgelçilikli 60 metr aralyga ylgamakda täze dünýä rekordyny goýdy diýip, sport24.ru habar berýär.

Ispaniýada ýapyk binada geçirilen ýaryşda 23 ýaşly amerikaly türgen bu aralygy 7,29 sekuntda geçdi. Ol ýeňil atletikaçy Kolin Jeksonyň (7,30 sekunt) 1994-nji ýylyň 6-njy martynda, ýagny 27 ýyl ozal goýan rekordyny täzeledi.
Belläp geçsek, Holloueý päsgelçilikli 100 metr aralyga ylgamakda häzirki dünýä çempionydyr. Ol 2019-njy ýylda Dohada geçirilen dünýä çempionatynda altyn medal gazandy.
Holloueý diňe päsgelçilikli ylgaw bilen meşgullanmaýar. Türgen sprint (60, 100, 200 m), uzynlygyna we beýikligine bökmek boýunça ýaryşlara hem gatnaşýar.

düýn 23:57
1.6k+

«Time» sport äleminde täsiri uly 100 adamyň sanawyny düzdi

«Time» žurnaly sport pudagynda 2026-njy ýylyň täsiri uly 100 şahsyýetiniň sanawyny hödürledi. Bu reýtinge diňe bir häzirki wagtda çykyş edýän meşhur türgenler we tejribeli tälimçiler däl, eýsem sport......

düýn 16:18
8.8k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......

düýn 08:03
2.6k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....

10.06.2026 19:10
6.4k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......