Ilham Aliýew «Dostluk» ýatagyny özleşdirmek boýunça Ähtnamany tassyklady

  • 26.02.2021 19:03
  • 11k+

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew «Dostluk» ýatagy boýunça Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamany tassyklady. Resminama Azerbaýjanyň Prezidentiniň resmi sahypasynda ýerleşdirildi.

Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, «Dostluk» ýatagynyň ätiýaçlyk gory 50 million tonna nebit möçberinde bahalandyrylýar.
Hazar deňzindäki “Dostluk” uglewodorod ýatagyny bilelikde özleşdirmek boýunça iki döwletiň hökümetleriniň arasynda özara düşünişmek Ähtnamasyna 21-nji ýanwarda Aşgabatda gol çekildi. 22-nji fewralda Azerbaýjanyň Milli Mejlisi özara düşünişmek Ähtnamasyny tassyklady.
Azerbaýjan habar beriş serişdeleriniň bellemegine görä, «Dostluk» uglewodorod ýatagynyň baýlyklarynyň 30%-iniň Azerbaýjanyň we 70%-iniň Türkmenistanyň paýyna düşmegine garaşylýar.
Ýatagy özleşdirmek işine «Lukoýl» rus kompaniýasy hem gatnaşar.

20.06.2026 11:54
5.1k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......