Aýyň döreýşi baradaky çaklamalar

  • 26.02.2021 08:38
  • 20k+

P.K.Şternberg adyndaky Döwlet astronomiýa institutynyň Galaktikany we üýtgeýän ýyldyzlary öwreniş bölüminiň uly ylmy işgäri  Wladimir Surdin Aýyň döreýiş teoriýalary barada gürrüň berdi. Çaklama görä, Aýyň aslynda Ýeriň bir bölegi bolmagy hem mümkin. Bu barada actualnews.org habar berdi.

Birinji nazaryýete görä, Aý Ýerden uzak aralykda döräp, diňe soňlugy bilen onuň orbitasyna çekilipdir. Ikinji çaklama muňa düýpgöter ters gelýär: onuň tarapdarlary Aýyň planetanyň ýakyn töwereginde dörändigini öňe sürýärler.
Şeýle-de bolsa, häzirki döwürde ylmy jemgyýetde iň meşhur garaýyş - Aýyň Ýerden bölünmegi we soňra onuň orbitasyna girmegi. Hünärmen munuň ýüze çykmagynyň sebäpleri barada belläp, öň Gün ulgamynyň köp planetadan ybaratdygyny we  soň olaryň sanynyň sekize çenli azalandygyny aýtdy.
Haçandyr bir wagt göwrümi 10 esse kiçi bolan planeta Ýere gelip urupdyr. Çakyşmanyň netijesinde, üstki mantiýanyň bir bölegi Ýerden aýrylyp, Aýa öwrülipdir. Häzirki wagtda alymlaryň şübhelenmeýän ýeke-täk zady - Aýyň ozal Ýere has ýakyn bolandygy, häzir bolsa ondan kem-kemden daşlaşýandygydyr.

düýn 11:16
2.5k+

Gazagystanly talyplar mars rowerini döretdiler

​Nazarbaýew Uniwersitetiniň talyplary nätanyş ýerleri öwrenmäge, resurslary gözlemäge we GPS ulgamy bolmazdan adatdan daşary kyn şertlerde özbaşdak ugur kesgitlemäge ukyply mars rowerini (marsohod) işläp......

17.06.2026 11:18
1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

17.06.2026 10:34
2k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

15.06.2026 15:12
2.7k+

Otto Aerospace näme üçin ýolagçy penjiresiz uçar döredýär?

ABŞ-nyň Federal raýat awiasiýasy dolanyşygy Otto Aerospace kompaniýasynyň üýtgeşik «Phantom 3500» biznes-jeti üçin güwänama talaplaryny kesgitledi. Uçaryň ýolagçylar üçin adaty penjireleri bolmaz. Deregine......