Ulagdan ýüz öwren britanlara pul tölener

  • 21.02.2021 23:28
  • 16k+

Birleşen Korollygyň hökümeti daşky gurşawy has hapalaýan awtomobilleriň eýelerine ulaglaryndan ýüz öwrüp, jemgyýetçilik ulaglaryndan, welosipedlerden, elektroskuterlerden, karşeringden ýa-da taksiden peýdalansalar, 3 müň funt sterling (4,2 müň dollar) töläp başlar diýip, “The Times” gazeti habar berdi. Muny TASS agentligi ýetirýär.

Ýollardaky dykyny azaltmak we howanyň hilini gowulandyrmak boýunça hökümet tarapyndan goldanýan sürüji maksatnamasy şu ýazda Kowentri şäherinde başlar. Töleg degişlilikde, 2016-njy we 2006-njy ýyla çenli konweýerden çykan dizel we benzin hereketlendirijileri bolan awtomobilleriň eýelerine hödürlener. Maksatnama iki ýyl üçin niýetlenip, möhlet tamamlanandan soň onuň netijeliligine baha berler.
Birleşen Korollygyň ulag ministrliginiň maglumatlaryna görä, 2014-nji ýyl bilen deňeşdirilende, britaniýalylar hususy awtomobilleri 11% köp ulanyp başladylar.
Welosiped we pyýada hereketi meselesi boýunça haýyr-sahawat guramasynyň başlygy Ksawýe Braýsyň aýtmagyna görä, Beýik Britaniýada her ýyl ýurduň ykdysadyýetine milliardlarça dollara düşýän kömürturşy gaz zyňyndylarynyň göwrümine iň uly goşant awtomobilçileriň paýyna düşýär.

şu gün 14:04
7k+

700 at güýjündäki Camry: Toyota bir sedanda iki hereketlendiriji oturtdy

Toyota Gazoo Racing bölümçesi Ýaponiýada geçirilen «Super Taikyu» marafonynda bir wagtda iki sany benzin hereketlendirijisi, doly çekiji ulgamy we takmynan, 700 at güýji bolan eksperimental sedanyny hödürledi....

düýn 11:18
4.8k+

450 dollara üstüňden Lamborghini-niň ysy gelip durar ýaly edip bolýar

Lamborghini kompaniýasy "Xerjoff" atyr öýi bilen hyzmatdaşlyga başlandygyny yglan etdi we öz atyrlarynyň ilkinji kolleksiýasyny tanyşdyrdy. Şeýle atyryň bir flakonynyň bahasy 396 dollardan 444 dollara çenli......

09.06.2026 15:11
3.3k+

Toyota TR LH2 suwuk wodorodly prototipi Le-Manyň ýaryş ýoluna çykar

"Toyota Gazoo Racing" kompaniýasy 2026-njy ýyldaky «Le-Manyň 24 sagady» ýaryşynda täze wodorodly "TR LH2 Racing Prototype" ýaryş prototipini görkezer. Awtoulag ilkinji gezek köpçüligiň öňünde ýaryş ýoluna......

08.06.2026 16:02
1.9k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......