Ilon Mask dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda ýene-de birinji orna geçdi

  • 20.02.2021 17:54
  • 14k+

Dünýäniň iň baý adamy diýen ady gysga wagtlyk Amazon kompaniýasyny esaslandyryjy Jeff Bezosa geçiren SpaceX we Tesla kompaniýalarynyň ýolbaşçysy Ilon Mask milliarderleriň sanawynda ýene-de birinji orna gaýdyp geldi diýip, Bloomberg agentligi habar berýär. Muny RIA Nowosti ýetirýär.

Agentligiň maglumatlaryna görä, Maskyň baýlygy häzirki wagtda 199,9 mlrd dollara ýetýär. Muňa SpaceX-iň gymmatly kagyzlaryny ýerleşdirmegiň nobatdaky tapgyry täsir etdi, ýagny onuň jemi boýunça kompaniýa 850 mln dollar girdeji gazandy, onuň umumy bahasy bolsa, takmynan, 74 mlrd dollara çenli ýokarlandy. Bezosyň hasabynda 194,2 mlrd dollar bar. 
Bezos 2017-nji ýyldan 2021-nji ýylyň 7-nji ýanwaryna çenli dünýäniň iň baý adamy hasaplanyldy, şonda ilkinji gezek Mask ondan öňe geçipdi. Şu hepde Amazon-yň esaslandyryjysy Tesla paýnamalarynyň bahasy pese gaçandan soň, biraz wagtlyk sanawyň birinji ornuna dolanyp geldi.
Agentlik tarapyndan düzülýän dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawy ABŞ-da gazna söwdalarynyň jemi boýunça her gün täzelenýär.

düýn 13:03
2.4k+

Airbus «A320» uçarlar maşgalasy üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy

Ýewropanyň Airbus uçargurluşyk kompaniýasy maý aýynyň ahyryna çenli «A320» maşgalasyna degişli ýolagçy uçarlary üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy. Bu görkeziji Ýewropanyň uçargurluşykçysynyň iň köpçülikleýin......

07.06.2026 10:17
5.8k+

«Iň soňky tango»: Adidas Messi üçin ýörite butsy çykardy

Adidas kompaniýasy Lionel Messi üçin 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna bagyşlanan «F50 Messi 2026 World Cup “El Último Tango”» (Iň soňky tango) butsysyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Çünki, öňümizdäki dünýä......

03.06.2026 15:06
4.3k+

Türkmen telekeçileri Buharestdäki awtosalona çagyrylýar

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy ýurdumyzyň telekeçilerini Rumyniýanyň paýtagty Buharest şäherinde 6-njy oktýabrdan 11-nji oktýabr aralygynda geçiriljek «Bucharest Auto Show & Accessories 2026» 23-nji......

02.06.2026 12:08
2k+

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri 300% ýokarlandy

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri takmynan 300 göterim gymmatlady. Bloomberg-iň habar bermegine görä, nyrhlaryň bu derejede çalt ýokarlanmagy maýadarlaryň kompaniýanyň robototehnika......