Alymlar önelgesizligiň ýene bir sebäbini ýüze çykardylar

  • 19.02.2021 16:02
  • 24k+

Hytaýly alymlar hapa howanyň önelgesizlige düýpli derejede täsir edýändigini anykladylar. Olaryň bu babatdaky gözlegleri “Environment International” neşirinde çap edildi diýip, ferra.ru habar berdi.

Bu barlag Pekin uniwersitetiniň üçünji hassahanasynyň reproduktiw lukmançylyk merkeziniň alymlary tarapyndan geçirildi. Olar göwrelilige ýetip bilmeýän jübütleriň, takmynan, 30%-iniň düşündirip bolmajak häsiýetli önelgesizliginiň bardygyny bellediler. Olaryň pikiriçe, bu keseliň beýleki faktorlarynyň arasynda daşky gurşawyň hapalanmagy hem bolup biler.
Barlag 12 aýlap hapa howaly ýerde ýaşan aýallaryň arassa howaly ýerlerde ýaşanlar bilen deňeşdirilende, önelgesizlik ähtimallygynyň 20% ýokarlanandygyny ýüze çykardy.

şu gün 16:56
345

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

şu gün 12:41
818

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

şu gün 11:09
1k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

düýn 06:42
5.3k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....