Apple aýna nauşniklerini döretmegi meýilleşdirýär

  • 19.02.2021 14:35
  • 6k+

Apple amerikan kompaniýasy aýnadan ýasalan täze AirPods nauşniklerini döretmegi meýilleşdirýär. Bu barada edara bazasyndaky patent resminamalaryndan belli boldy diýip, mymsk.online habar berýär.

Dewaýsy döretmekde nauşnikleriň gurluşyny we aýratynlyklaryny kämilleşdirip bilýän aýnany ulanmak göz öňünde tutulýar. Belläp geçmeli zat, täze gurluşda plastik ýa-da beýleki metal bilen deňeşdirilende, çyzylyp zaýalanmaga çydamly aýna gulaklyklar ulanylar.

“Galyberse-de, aýna polikarbonata garanda estetik taýdan has ýakymly” – diýip, kompaniýa belleýär.

Ýöne gurluşyň akustiki aýratynlyklary barada hiç zat aýdylmaýar. Žurnalistler aýnanyň belli bir sesleriň öňüni böwetläp, käbir ýygylyklary goýberjekdigine ünsi çekýärler. Häzirlikçe amerikan korporasiýasynyň inženerleriniň materialyň kemçiliklerini nähili düzetjekdigi belli däl.
Amerikan kompaniýasynyň patenti 16-njy fewralda USPTO bazasynda bellige alyndy.

şu gün 11:01
819

Samsung «kerpiç» şekilli açylýan smartfona patent aldy

Samsung kompaniýasy eplenýän, çeýe we düýrlenýän displeý tehnologiýalaryny özünde jemleýän smartfon üçin patent aldy. Resminamalara görä, enjam ykjam korpusdan kiçiräk planşet ululygyndaky ekrana öwrülmäge......

düýn 23:26
1.5k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
5.3k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......