Bill Geýts howanyň üýtgemegine garşy göreşe 2 mlrd dollar maýa goýýar

  • 17.02.2021 16:07
  • 10k+

Amerikaly telekeçi we Microsoft-yň esaslandyryjysy Bill Geýts howanyň üýtgemegine garşy göreşe geljek bäş ýylda, takmynan, 2 mlrd dollar maýa goýmak isleýändigini aýtdy. Ol serişdeleri başlangyç kompaniýalara we beýleki taslamalara goýmagy meýilleşdirýär diýip, 360tv.ru habar berýär.

Innowasion tehnologiýalaryň kömegi bilen howa betbagtçylygynyň öňüni almaly. Bu mümkin, ýöne örän kyn bolar – diýip, Geýts Germaniýanyň “Handelsblatt” gazeti bilen söhbetdeşlikde aýtdy.
Şeýle-de, telekeçi ylmy barlaglara global döwlet maýa goýumlaryny bäş esse – ýylda azyndan 110 mlrd dollara çenli ýokarlandyrmaga we olary dünýäde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ösüşine gönükdirmäge çagyrdy.

Biz fiziki ykdysadyýeti heniz taryhda görlüp-eşidilmedik derejede üýtgetmeli – diýip, Geýts belledi.

Bill Geýts we aýaly Melinda ösüp barýan ýurtlarda howply kesellere garşy göreşe, ABŞ-da saglygy goraýyş we bilim maksatnamalaryna gönükdirilen haýyr-sahawat gaznasyny dolandyrýarlar. Gaznanyň üsti bilen täze görnüşli koronawirusa garşy sanjymlary taýýarlamak we pandemiýa döwründe has ejiz bolan ilatyň garyp gatlagyny goldamak üçin ýüzlerçe million dollar bölünip berildi.

şu gün 08:41
249

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....

şu gün 08:03
2.5k+

Kazyýet işi Ak öýüň ýanynda geçirilmeli UFC ýaryşyny howp astynda goýdy

UFC ýaryşynyň geçirilmegine bir hepde galanda, ABŞ-nyň harby güýçleriniň weteranlaryny hem öz içine alýan bir topar raýat bu çäräni gadagan etmegi talap edip, käzyýete ýüz tutdular....

düýn 18:02
3.3k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

düýn 17:48
4.6k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......