Çempionlar ligasy: «PSŽ» «Barselonany» 4:1 hasabynda ýeňdi

  • 17.02.2021 08:43
  • 9.2k+

Çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyrynda «PSŽ» fransuz kluby 4:1 hasabynda ispanlaryň «Barselonasyndan» üstün çykdy.

Fransuzlaryň düzüminde Kilian Mbappe üç gol (32-nji, 65-nji, 85-nji minutlar), Moýze Kin (70-nji) bir gol geçirdi. «Barselonadan» Lionel Messi 27-nji minutda 11 metrlik jerime urgusyny geçirdi.
«Barselona» we «PSŽ»  özara 12-nji duşuşygyny geçirdiler. Geçen 11 duşuşygyň bäşisinde katalonlylar, üçüsinde fransuzlar üstün çykdy. Galan üç duşuşyk deňme-deňlikde tamamlandy. Ýatlap geçsek, Çempionlar ligasynyň 2016/17 möwsüminiň 1/8 final tapgyrynda «Barselona» myhmançylykda «PSŽ-den» 0:4 hasabynda ýeňilenden soň, öz meýdançasynda 6:1 hasabynda üstün çykyp, indiki tapgyra çykmagy başarypdy.
Jogap duşuşygy 10-njy martda Parižde geçiriler.

düýn 14:54
3.6k+

Donnarumma “PSŽ-den” “Mançester Sitä”, Ederson “Fenerbahçä” gidýär

Italiýaly derwezeban Janluiji Donnarumma karýerasyny “Mançester Sitide” dowam etdirer. Iňlis kluby fransuz “Pari Sen-Žermeni” bilen futbolçynyň transferi barada ylalaşyk gazandy. Transfer mukdary 39 mln ýewro bolar diýip, žurnalist Fabrisio Romano X sosial ulgamynda habar berdi...

düýn 13:07
4k+

“Liwerpul” Isak bilen şertnama baglaşdy: bu futbol taryhynda iň gymmat üçünji transfer

Şwesiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Aleksandr Isak “Liwerpul” bilen alty ýyllyk şertnama baglaşdy. Ol toparda 9-njy belgini aldy diýip, klubuň metbugat gullugy habar berdi. The Athletic-iň we žurnalist Fabrisio Romanonyň maglumatlaryna görä, klub 25 ýaşly hüjümçiniň geçmegi üçin “Nýukasla” 125 mln funt (144 mln ýewro) töledi...

01.09.2025 19:09
8.6k+

“Men Garri Potter däl”: Erik ten Hag üç oýundan soň “Baýeriň” tälimçisi wezipesinden boşadyldy

Niderlandly Erik ten Hag Lewerkuzeniň “Baýeriniň” baş tälimçisi wezipesinden aýryldy. Klubuň baş müdiri Fernando Karro şeýle çözgüdiň agyr bolsa-da, zerur ädimdigini belledi diýip, klubuň metbugat gullugy habar berýär...

01.09.2025 17:08
8.6k+

Messi 2021-nji ýyldan bäri ilkinji gezek finalda utuldy: “Inter Maýami” Ligalaryň kubogyny elden gidirdi

“Inter Maýaminiň” argentinaly hüjümçisi Lionel Messi soňky dört ýylda ilkinji gezek final oýnunda utuldy. Onuň kluby 1-nji sentýabrda Sietlde geçen Ligalaryň kubogynyň aýgytly oýnunda “Sietl Saundersden” 0:3 hasabynda utuldy...