Ýaponiýa Ýeriň orbitasyna budda ybadathanasyny çykarar

  • 15.02.2021 23:26
  • 9.3k+

Ýaponiýa 2023-nji ýylda taryhda ilkinji gezek budda ybadathanasyny Ýeriň orbitasyna çykarmagy meýilleşdirýär. Potratçy hökmünde ybadathanany döretjek we ony planetamyzyň orbitasyna çykarjak “Terra Space” korporasiýasy saýlandy. Bu barada russia-news.ru habar berýär.

Mundan öň, Kiotonyň Daýgodzi ybadathanasynyň monahlarynyň “Terra Space-iň” inženerleri bilen şeýle üýtgeşik taslamany durmuşa geçirmek barada şertnama baglaşandygy habar berildi. Olaryň ybadathanasy 847-nji ýylda guruldy. Özüniň köp asyrlyk taryhy bilen ol her ýyl millionlarça zyýaratçyny özüne çekýär. Diňe Ýerde däl, eýsem, kosmosda-da tanalmak üçin monahlar planetanyň orbitasynda kiçiräk mukaddes ýer gurup, ybadathana döretmek kararyna geldiler.
Ybadathananyň içinde mukaddes ýadygärlikler we hatda Buddanyň heýkeli hem ýerleşdiriler. Ybadathana 90 minutda Ýeriň orbitasyna aýlanar. Ybadathanada parahatçylygy goldamak üçin yzygiderli hyzmatlar geçiriler, birnäçe wagtdan soň ybadathanadan alnan şekiller Ýerde görkeziler.

şu gün 13:27
3.4k+

Owganystanda tas 6 bal ululykda ýertitreme boldy. Onuň täsiri goňşy döwletlerde-de duýuldy

4-nji aprelde sagat 00:52-de (Aşgabat wagty bilen) Owganystanyň Hindiguş daglyk sebitinde ýertitreme boldy. Bu barada «TOLO News Plus» teleýaýlymy habar berýär....

düýn 15:18
7k+

Italiýada tebigy betbagtçylyk: gar syrgynlarynyň yzy suw joşgunlaryna ulaşdy

​Italiýanyň birnäçe sebitinde ilki güýçli gar, soňra bolsa çendenaşa köp ýagyş ýagmagy zerarly sil geldi we infrastruktura uly zeper ýetdi. Corriere della Sera neşiriniň we Euronews-yň habaryna görä, awtomobil......

01.04.2026 15:57
10k+

Owganystanda we Pakistanda ýagan güýçli ýagyşlar weýrançylyklara sebäp boldy

Soňky bäş günüň dowamynda ýagan güýçli ýagyşlar Owganystanda we Pakistanda uly möçberli siliň gelmegine hem-de binalaryň ýykylmagyna sebäp boldy. Duşenbe güni häkimiýetleriň beren maglumatyna görä, heläk......

30.03.2026 23:13
13k+

Günbatar Awstraliýany eýmenç gyzyl duman gaplady. Munuň sebäbi näme?

Awstraliýanyň Karnarwon şäheriniň golaýynda tozanly tupan sebäpli asman gyzyl reňke boýaldy. Bu barada "Fox Weather" neşiri habar berýär....