Maýyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary gyrmyzy Aýy synlap bilerler

  • 15.02.2021 23:14
  • 18k+

Ýeriň ýaşaýjylary 2021-nji ýylda birbada iki sany asman hadysasynyň şaýady bolar diýip, rueconomics.ru habar berýär. Bu ýyl Ýerden iki Aý tutulmasy görner. Hadysa Günüň, Aýyň we Ýeriň bir setire düzülmegi we biziň planetamyzyň öz hemrasynyň öňüni tutmagy bilen bolup geçýär. 

Gün şöhleleriniň bir bölegi onuň üstüne düşer. Ýeriň atmosferasynyň spektriň gyzyl-mämişi böleginiň şöhleleri üçin dury bolandygy sebäpli, Aý gyzyl görnüşde görner. Şeýle hadysa “ganly” Aý adyny aldy. 
Ýeriň tebigy hemrasynyň gyzyl-goňur reňke öwrülmegine sebäp bolýan doly Aý tutulmasy 2021-nji ýylyň 26-njy maýynda bolar. Özboluşly asman hadysasyny Awstraliýada, ABŞ-nyň günbatar böleginde, Günorta Amerikada we Günorta-Gündogar Aziýada görmek bolar. 
Şeýle-de, 10-njy iýunda planetanyň ýaşaýjylary Kanadanyň demirgazyk böleginde, Grenlandiýada we Russiýanyň gündogarynda bölekleýin halkalaýyn tutulmany synlap bilerler.

düýn 20:17
3.9k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......