Ýapon alymlary saç dökülmegine garşy göreşmegiň täze usulyny tapdylar

  • 15.02.2021 17:12
  • 26k+

Ýapon alymlary sütün öýjükleriniň kömegi bilen saç dökülmesine garşy göreşmegiň täze usulyny tapdylar. Bu barada health.sm.news habar berdi.

Ýaponiýaly barlagçylar topary sütün öýjüklerinden saç follikulasynyň täze görnüşini döretdiler. Olaryň esasy wezipesi, hatda saçlar doly düşüp gutaran hem bolsa, täzeden ösüp bilmek ukybydyr. Bular barada “Nature Scientific Reports” ylmy žurnalynda beýan edildi.
Adamyň saçynyň ösmeginiň döwürleýin, ýagny siklleýin hadysadygy anyklanyldy. Düşen saçlaryň ýerine ir-u-giç täze, sagdyn saçlar  çykmaly. RIKEN biologiki ulgamlaryň dinamikasy boýunça barlag merkeziniň täze işläp taýýarlamasynda bu aýratynlyk gaýtadan döredildi, şonuň üçin geljekde ony derini bejermek üçin ulanmaga rugsat berler.
Häzirki wagta çenli bu tehnologiýany diňe syçan sütüklerinde we murtlarynda barlamak başartdy. Ýöne ýakyn wagtda alymlar dökülen saçlary dikeltmegiň täze usulynyň kliniki synaglaryna adamlarda başlamak üçin hyzmatdaş tapmagy meýilleşdirýärler.

düýn 16:56
1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

düýn 12:41
1.1k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

düýn 11:09
1.3k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

12.06.2026 06:42
5.5k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....