Kosmonawtlara saglygyna gözegçilik etmekleri üçin fitnes-bilezikler paýlanar

  • 14.02.2021 23:44
  • 5.2k+

Fitbit kompaniýasy Health Stabilization Program maksatnamasyny durmuşa geçirmek üçin NASA bilen birikdi. Bu maksatnamanyň çäginde kosmonawtlara saglyk ýagdaýyna gözegçilik etmek üçin fitnes-trekerler paýlanar diýip, ferra.ru habar berdi.

Fitbit Charge 4 fitnes-bilezikleri diňe kosmonawtlara däl, eýsem, NASA-nyň ýene müň işgärine berler. Bu enjamlaryň kosmonawtlara uçuşdan öňki döwürde ýokanç keselleriň döremek howpuny azaltmaga kömek etjekdigi aýdylýar. Ýagny, ýürek urşy we beýleki saglyk görkezijileri baradaky maglumatlar ýokançlyklar hakynda olar heniz ýüze çykmanka habar berip biler.
Hünärmenler, şeýle hem, Fitbit Ready for Work Daily Check-In platformasyna girmäge ygtyýar alarlar. Şeýlelik bilen, olar saglyk bilen bagly maglumatlara yzygiderli gözegçilik edip we olary ýazyp bilerler. Şeýle hem NASA-nyň işgärleri işe gitmeli ýa däldigi barada gündelik görkezmeleri alarlar.

düýn 16:56
1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

düýn 12:41
1.1k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

düýn 11:09
1.3k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

12.06.2026 06:42
5.5k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....