Meizu kompaniýasynyň ýolbaşçysy täzelendi

  • 10.02.2021 23:01
  • 5.6k+

Hytaýyň Meizu smartfon öndürijisiniň baş direktory üýtgedildi. Ýakynda kompaniýa ähli işgärlerine kompaniýanyň täze baş direktory Huan Çžipan tarapyndan gol çekilen haty iberdi. Bu barada ixbt.com habar berýär.

Huan Çžipan – kompaniýanyň ozalky baş direktory Huan Çžanyň kiçi dogany. Kompaniýa lideriň çalşylmagy bilen bagly resmi bildiriş etmedi. “Gizmochina” neşiriniň belleýşi ýaly, Meizu şeýle etmek bilen häkimiýeti ele alyp, kompaniýanyň ösüşine özboluşly goşant goşmaga ukyply täze ýaş güýji gözleýär.
Çünki, soňky ýyllarda Meizu kyn döwürleri başdan geçirdi. 2019-njy ýylda Meizu-nyň işgärleriniň 30%-ini işden çykarandygy belli boldy. 2016-njy ýylda kompaniýanyň 2700-den gowrak ownuk söwda nokatlary bardy, 2019-njy ýyla çenli olaryň sany Hytaýyň her welaýatynda 5-6-a çenli azaldy. Käbir kynçylyklara garamazdan, kompaniýa hereket etmegini we geljek üçin meýilnamalary düzmegini dowam etdirýär.
Öň Meizu metbugat üçin bildiriş edip, onda kompaniýanyň smartfon biznesine degişli meýilnamalary barada gürrüň berdi. Öndüriji Meizu-nyň gymmat telefonlaryň bazarynda galmagy meýilleşdirýändigini aýtdy. Ýakyn wagtda Meizu 18 smartfonlar tapgyry hödürlenmeli we şeýle kadr üýtgeşmeleri hem brendiň geljekki ösüşine oňyn täsir etmeli.

düýn 11:08
773

Ferrari we HP bilelikde 4999 nusgalyk çäkli noutbuk tapgyryny çykararlar

Ferrari we HP kompaniýalary «HP Limited Edition Scuderia Ferrari AI PC» atly çäkli tapgyrdaky noutbuklaryny tanyşdyrdylar. Bu enjamlardan jemi 4999 nusga öndüriler we olaryň hersi aýratyn belgileniler....

09.06.2026 22:05
1.7k+

Samsung telewizor bazarynyň 30%-den gowragyny özüne berkitdi

Samsung 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça dünýäde telewizor öndürýän iň iri kompaniýa derejesini saklap galdy. Seljerijileriň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň dünýä bazaryndaky paýy 31,3%-e......

09.06.2026 12:01
1.7k+

ASML Ýewropanyň taryhynda iň gymmat kompaniýa boldy

Çipleri öndürmek üçin litografiýa skanerleriniň dünýäde iň uly üpjünçisi bolan Niderlandlaryň ASML kompaniýasy Ýewropanyň taryhyndaky iň gymmat kompaniýa öwrüldi. Onuň bazar gymmaty 668 milliard dollara ýetip,......

08.06.2026 13:03
3k+

Airbus «A320» uçarlar maşgalasy üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy

Ýewropanyň Airbus uçargurluşyk kompaniýasy maý aýynyň ahyryna çenli «A320» maşgalasyna degişli ýolagçy uçarlary üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy. Bu görkeziji Ýewropanyň uçargurluşykçysynyň iň köpçülikleýin......