Ýeriň orbitasyndaky kosmos galyndylarynyň has howply jisimleriniň sanawy düzüldi

  • 10.02.2021 17:57
  • 11k+

Halkara ylmy komitetiň düzümine giren Korolýowa adyndaky Samara barlag uniwersitetiniň ylmy işgärleri Ýeriň orbitasyndaky has howply jisimleriň sanawyny düzdüler we tassykladylar. Bu barada hususy çeşmesine salgylanyp, evo-rus.com habar berýär.

Hünärmenleriň belleýşi ýaly, planetamyzyň ýakyn orbitasyndan öwrenilen “zibil” jisimlerini ýok etmek kosmosy özleşdirmek meselesinde esasy wezipedir. 
Häzirki wagtda kosmos tehnikasynyň sarp edilen elementleri ýa-ha atmosferada ýakylýar, ýa-da howpsuz orbitalara äkidilýär. Şeýle-de bolsa, ulanmak üçin amatly orbitalarda, alymlaryň habar bermegine görä, henizem 25 müň töweregi uly obýektler we sekuntda 15 km çenli tizlik bilen hereket edýän millionlarça ownuk bölekler bar. Şeýle obýektleriň biri-biri bilen we işjeň hemralar bilen çaknyşmagy meseläniň ulalmagyna getirýär. 
Alymlar orbitada elli sany has howply obýektleriň bardygyny, olaryň 37-siniň agramynyň 2 tonnadan gowrakdygyny, şeýle galyndylaryň 80 göteriminiň raketa korpuslarydygyny anykladylar. Çaknyşyk howpuny aradan aýyrmak üçin bu obýektleriň esasy bölegini howpsuz orbitalara, mysal üçin, kosmos gämilerini ulanmak bilen geçirmek gerek diýip, alymlar hasaplaýarlar.

09.06.2026 07:41
10k+

Berliniň ýaşaýjylary zäherli gurçuklaryň hüjümine sezewar boldular

Berliniň birnäçe etrabynda meşe (dub) ýüpek gurçugynyň köpçülikleýin ýaýramagy dowam edýär. Şol sebäpli häkimiýetler Şarlottenburg-Wilmersdorf okrugyndaky sport desgalaryny we ýaşyl zolaklary ýapmaga mejbur......

09.06.2026 07:40
7.7k+

Hytaýyň Guýçžou welaýatyndaky güýçli ýagyşlar sebäpli 10 müňe golaý adam göçürildi

Hytaýyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän Guýçžou welaýatynda güýçli ýagyşlar suw joşgunlaryna sebäp boldy. Häkimiýetler 10 müňe golaý adamy gyssagly göçürmäge mejbur boldy diýip, Xinhua agentliginiň habar......

08.06.2026 13:01
9.3k+

8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami barada duýduryş berildi

Mindanao adasynyň kenarynda bolan 8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami duýduryşy berildi. Hökümet birnäçe kenarýaka sebitlerinde ilaty ewakuasiýa etmäge başladylar....

04.06.2026 17:40
10k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......